Erdogan Marokkonyń Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident Erdogan bilen Muhammed Şa Ysraýylyń sońky hepdelerde Haremi Şerif we Al Aksa metjidi baradaky tutumy hakynda pikir alyşdy

193676
Erdogan Marokkonyń Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan Marokkonyń Şasy Muhammed 6-njy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogan bilen Muhammed Şa telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyń sońky hepdelerde Haremi Şerif we Al Aksa metjidi baradaky tutumy hakynda pikir alyşdy.
Prezident Erdoganyń yslam dünýäsinde uly dartgynlyga sebäp bolan hereketleriń Türkiýe tarapyndan hem ýazgarylýandygyna ünsi çekdi we Muhammed Şa Rabatda Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyń İerusalym aragatnaşyk toparynyń maslahatyna Marokkonyń ýer eýeçiligini edendigi sebäpli öz minnetdarlygyny bildirendigi nygtaldy.
Prezident R. T. Erdogan bilen Marokkonyń Şasy Muhammed 6-njynyń Ysraýylyń alyp barýan hereketlerine garşy musulman ýurtlarynyń umumy tutum alyp barmagynyń ähmiýetine ünsi çekendigi bellenildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar