Türkiýe bilen DKTR şertnama baglaşdy

“DKTR biziň bir bölegimiz we bu ýerde gazna degişleri eserleri abatlamak isleýäris”

190900
Türkiýe bilen DKTR şertnama baglaşdy

Türkiýe bilen DKTR şertnama baglaşdy.
Türkiýe bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň arasynda gazna degişli eserleriň abatlanmagy bilen baglanşykly şertnama baglaşyldy.
Şertnama DKTR-nyň döredilen gününiň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ada giden Wise-premýer Bülent Arynç bilen DKTR-nyň Premýer ministri Özkan Ýorganjyogly gol goýdy.
DKTR-nyň Premýer ministri Özkan Ýorganjyogly şertnama laýyklykda Türkiýe Respublikasynyň Gaznalar baş müdürliginiň DKTR-daky eserleriň abatlanmagy işlerine maddy taýdan goldaw berjekdigini aýtdy.
Wise-premýer Bületn Arynç hem gaznalaryň hem Türkiýe, hem-de DKTR-sy taýdan möhümdigini belledi we “DKTR biziň bir bölegimiz we bu ýerde gazna degişleri eserleri abatlamak isleýäris”diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar