Erdogan ýezidileri kabul etdi

Prezident Erdogan “Açyk gapylar syýasatymyzy dowam etdirýäris” diýdi

190681
Erdogan ýezidileri kabul etdi

Prezident R. T. Erdogan Yrakda YSYS terror guramasynyň zulumyndan gaçyp Türkiýä gelen ýezidileriň adyndan 15 adamlyk topary kabul etdi.
Ýezidiler kabul edilşikde Türkiýä gelen Siriýalylara berlen saglyk, bilim we sosial hyzmatlardan peýdalanmak isleýändiklerini aýtdylar.
Prezident Erdogan “Açyk gapylar syýasatymyzy dowam etdirýäris” diýdi.
Prezident R. T. Erdogan “Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän wakalar sebäpli ýurtlaryny terk etmäge mejbur bolan goňşylarymyz üçin  açyk gapylar syýasatyny dowam etdirýäris” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar