Erdogan Medeni bilen pikir alyşdy

Prezident Erdogan YHG-niň Baş sekretary Medeni bilen söhbetdeşlik geçirdi

188244
Erdogan Medeni bilen pikir alyşdy

Telefon söhbetdeşliginde İýerusalimda başdan geçirilen soňky wakalar barada pikir alyşyldy.
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň hüjümlerine garşy BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň çäre görmelidigini nygtady.
Prezidentiň metbugat merkezinden alynan maglumata görä söhbetdeşlikde Ysraýylyň İýerusalimde soňky hepdelerde Haremi Şerife we Al-Aksa metjidine guran hüjümleri gün tertibine geldi.
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň şol hüjümlerini we halkara jemgyýetçiliginiň duýduryşlaryna üns bermezligini berk ýazgardy we meçew beriji çemeleşmänin Ýakyn Gündogar bilen birlikde bütin musulman ýurtlarynda ýerlikli nägileligiň ýüze çykmagyna sebäp bolandygyna ünsi çekdi.
Erdogan Ysraýylyň şol hüjümlerine garşy BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşini çäre görmäge çagyrdy.
Prezident Erdogan şol bir wagtda Rabatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň İýersalim Aragatnaşyk toparynyň maslahat geçirmegine goşan goşandy üçin Medenä sagbolsun aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar