Beýik Öňbaşçy Atatürk hatyralanýar

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik Öňbaşçy M.K.Atatürk aradan çykan gününiň 76-njy ýylynda Ankaradaky kümmetinde guralan döwlet dabarasy bilen hatyralanýar

186853
Beýik Öňbaşçy Atatürk hatyralanýar

Atatürkiň kümmetindäki hatyralama çäresine Prezident R.T.Erdogan, Premýer ministr Ahmet Dawutogly we Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly gatnaşýar.
Türk howa güýçleriniň güýjüniň tymsaly Türk ýyldyzlary awia akrobatiýa topary we SOLOTÜRK 76-njy ýylynda Beýik Öňbaşçy Atatürke goýulýan sarpanyň beýany hökmünde kümmetiň üstünde uçar.
Türk ýyldyzlary Atatürkiň kümmetiniň üstünde ýüregiň şekilini emele getirer.
Atatürkiň kümmeti döwlet hatyralama çäresinden soň halkyň zyýaratyna açylar we sagat 20:00-a çenli açyk bolar.
Hatyralama güni mynasybetli Atatürkiň kümmetinde “Dolmabahçeden Anytkabire” atly fotosurat sergisi bilen Muna Silawyň “Atatürkiň öýleri” atly surat sergisi açylar.
Atatürkiň kümmetine gelen çagalara bolsa “Atatürk we çagalar” atly kitap sowgat ediler.
Atatürkiň dünýeden öten ýeri bolan Stambulyň Dolmabahçe köşkünde-de hatyralama çäresi geçirildi.
Dolmabahçe köşküne ertiriň irki sagatlaryndan başlap zyýaratçylar gelmäge başlady.
Raýatlar Atatürkiň baky dünýä göçen otagyna gül desselerini goýdular.
Hatyralama çäresine Türkiýäniň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Aýşenur Bahçekapyly hem gatnaşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar