Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwür başlaýar

Yragyň Daşary işler ministri İbrahim Jaferi Türkiýä geldi

182668
Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwür başlaýar

Yrakda täze hökümetiň gurulmagy bilen birlikde Türkiýe bilen Yragyň arasyndaky gatnaşyklarda täze döwre gadam basyldy.
Yragyň Daşary işler ministri İbrahim Jaferi şol çäkde Türkiýä ilkinji resmi saparyny gurady.
Jaferi ilki Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşdy.
İki kärdeş diplomatik, hususy we resmi pasportlar üçin wizalaryň bes edilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.
Çawuşogly bilen Jaferi özara duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.
Daşary işler ministri Çawuşogly “Yrakda täze hökümetiň gurulmagyna hoşallyk bildirýäris. Türkiýe YSYS terror guramasy bilen birlikde beýleki terror guramalaryna garşy göreşde Yraga goldaw bermäge dowam eder” diýdi.
Yragyň Daşary işler ministri Jaferi hem “Dost we goňşy Türkiýe bilen edýän gatnaşyklarymyzda täze sahypa açýarys” diýip belledi.
Jaferi saparynyň çäginde Prezident R. T. Erdogan, Mejlisiň başlygy Jemil Çiçek we Premýer ministr Ahmet Dawutogly tarapyndan kabul ediler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar