Erdogan Abbas we Meşal bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Erdogan Mahmud Abbasdan we Halid Meşaldan Al Aksa metjidinde başdan geçirlen wakalar hakynda maglumat aldy

183520
Erdogan Abbas we Meşal bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Al Aksa metjidinde başdan geçirlen wakalardan soň Prezident R. T. Erdogan Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas we Hamasyň syýasy lideri Halid Meşal bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezident Erdogan Mahmud Abbasdan we Halid Meşaldan Al Aksa metjidinde başdan geçirlen wakalar hakynda maglumat aldy.
Palestinanyň Prezidenti Abbas İerusalymda ýehudileriň soňky hepdelerde Al Aksa metjidini nyşana alýan hereketleriniň aladalandyryjydygyna ünsi çekdi.
Abbasyň Al Aksa meselesinde Türkiýeden kömek sorandygy bellenildi.
Meşalyň hem İerusalymdaky dartgynlyk meselesinde Prezident Erdogana giňişleýin maglumat berendigi ýatladyldy.
Prezident Erdoganyň hem Al Aksa metjidine garşy hereketleriň bes edilmeginiň sebitiň parahatçylygy taýdan möhümdigine we Türkiýe hökmünde meseläni BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň agzalary bilen ara alyp maslahatlaşjakdyklaryna ünsi çekendigi bellenildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar