Erdogan Barak Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Telefon söhbetdeşliginde Kobaniniń başda durmagynda Siriýa meselesi seljerildi

163238
Erdogan  Barak Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezident R. T. Erdogan ABŞ-nyń Prezidenti Barak Obama bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon söhbetdeşliginde Kobaniniń başda durmagynda Siriýa meselesi seljerildi.
Türkiýe bilen ABŞ-nyń YSYS terror guramasyna garşy göreşiń çäginde ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdigi bellenildi.
İki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniń 180 müń Kobanili bilen birlikde 1,5 milliondan gowrak siriýaly berýän ynsanperwer kömegi hakynda hem pikir alyşdy
Telefon söhbetdeşliginde Owganystanda parahatçylygyń we durnuklylygyń güýçlendirilmegi barasyndaky tagallalar hem gün tertibine getirildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar