Çawuşogly Howpsyzlyk geňeşine agzalyk üçin tagalla edýär

Çawuşogly geçiriljek sese goýulşygyň öňüsyrasynda Nýu Ýorkda diplomatik tagallalaryny dowam etdirýär

157874
Çawuşogly Howpsyzlyk geňeşine agzalyk üçin tagalla edýär

Çawuşogly Türkiýäniň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine agzalygy üçin tagalla edýär.
Daşary işler ministri Çawuşogly BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 2015-2016-njy ýyllardaky wagtlaýyn agzalary üçin geçiriljek sese goýulşygyň öňüsyrasynda Nýu Ýorkda diplomatik tagallalaryny dowam etdirýär.
Özara we toparara gepleşikler geçiren Çawuşogly Türkiýäniň aktiw daşary syýasatyny gürrüň berdi we Türkiýäniň Howpsyzlyk geňeşine dalaşgärligi üçin goldaw aldy.
Günorta Afrikanyň Galkynyş guramasyna degişli ýurtlaryň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik agzalary bilen ertirlik naharynda duşuşan Çawuşogly, Türkiýe bilen Afrikanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde ýokarlaýandygyny nygtady.
Türkiýäniň Afrikany 2008-nji ýyldan bäri strategik hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtan Çawuşogly Afrika ýurtlary bilen Türkiýäniň arasyndaky iki taraply söwda gatnaşyklarynyň ýokarlandygyna ünsi çekdi.
Türkiýe bilen Afrikanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar barada hem durup geçen Çawuşogly Türkiýäniň Afrikada 30 ilçihana açandygyny aýtdy.
Çawuşogly ikinji Türkiýe-Afrika maslahatynyň 19-njy noýabrda Maloboda geçiriljekdigini ýatlatdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar