"Mundan soňky etap has tapawutly bolar"

Prezident R. T. Erdogan saparyny tamamlap Türkiýä gaýdyp geldi

140984
"Mundan soňky etap has tapawutly bolar"


BMG-nyň 69-njy sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-na giden Prezident R. T. Erdogan saparyny tamamlap Türkiýä gaýdyp geldi.
Stambulyň Atatürk adyndaky howa menzilinde metbugata beýanat beren Erdogan Türkiýäniň soňky 4 ýyldan bäri Siriýada we Yrakda başdan geçirilýän wakalara ünsi çekendigini emma dünýäniň şol wakalara ünssiz çemeleşendigini aýtdy.
Prezident Erdogan Türkiýäniň YDYD guramasyna garşy göreşdäki roly barada hem “Şol mahal konsullykda işleýän 49 işgärimiz zamun alnypdy, häzir elbetde ýagdaý üýtgedi. Mundan soňky etap has tapawutly bolar” diýdi
2-nji oktýabrda ygtyýarnamanyň Mejlisde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdan Prezident Erdogan “Ygtyýarnama laýyklykda degişli çäreler görler” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar