Erdogan NATO-nyň maslahatynda çykyş etdi

Erdogan Garabag meselesiniň Azerbaýjanyň territorial bitewiliginiň çäginde çözülmeginiň ähmiýetlidigini nygtady

115774
Erdogan NATO-nyň maslahatynda çykyş etdi

Prezident R. T. Erdogan NATO-nyň maslahatynda eden çykyşynda Türkiýäniň sebitde başdan geçirilýän wakalar hakyndaky tutumyny beýan etdi.


Erdogan Owganystan, Azerbaýjan, Krym, Siriýa we Yrak hakynda edilmegi tagallalary dünýä liderleri bilen paýlaşdy.


Owganystandaky Prezident saýlawy etabynyň gysga wagtda netijelenmegine garaşýandyklaryny aýdan Erdogan, İSAF-yň iş möhlediniň gutarmagyndan soň hem dogan owgan halkyny ýalňyz goýmajakdyklaryny aýtdy.


Erdogan Türkiýäniň Ukrainanyň syýasy garaşsyzlygyna, territorial bitewiligine, özbaşdaklygyna we milli jebisligine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini nygtady.


Krymyň basylyp alynmagyny ykrar etmejekdiklerini ýatladan Erdogan basyşa sezewar bolan Krym tatarlarynyň çetleşdirilmezligi we meseläniň syýasy taýdan çözülmegi baradaky tagallara goldaw berilmelidigini belledi.


NATO-nyň Azerbaýjana beren sözüni ýerine ýetirmelidigine ünsi çeken Erdogan Garabag meselesiniň Azerbaýjanyň territorial bitewiliginiň çäginde çözülmeginiň ähmiýetlidigini nygtady.


Erdogan Siriýada we Yrakda sebitiň howpsuzlygyna we durnuklylygyna abanýan howpa garşy tutanýerli tutumyň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar