62-nji hökümet Mejlisden ynam sesini aldy

Täze hökümet resmi taýdan wezipesine başlady

115917
62-nji hökümet Mejlisden ynam sesini aldy

Adalat we ösüş partiýanyň başlygy we Konýa halk deputaty Ahmet Dawutoglynyň ýolbaşçylygynda gurlan 62-nji hökümet Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinden ynam sesini aldy.


Premýer ministr Dawutoglynyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümet Mejlisde geçirlen sese goýulşyga gatnaşan 439 halk deputatyndan 306 “kabul” sesini aldy.


Şeýlelikde täze hökümet resmi taýdan wezipesine başlady.


Täze hökümetiň iş meýilnamasy duşenbe güni Premýer ministr Dawutogly tarapyndan okalypdy.


Premýer ministr Dawutogly hökümetiň Mejlisden ynam sesini almagyndan soň söz sözledi.


Dawutogly “Demokratiýany has-da ösdürmek, ykdysady mümkinçiligi ýokarlandyrmak, aktiw daşary syýasat alyp barmak üçin tagalla ederis. Hiçbir güýç hökümetiň işlerine zeper ýetirip bilmez. Oppozisiýanyň tankydy belliklerine üns bereris”diýdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar