62-nji hökümet ilkinji mejlisini geçirdi

Mejlisde Wise-premýerleriň gözegçilik etjek ugurlary kesgitlendi

110935
62-nji hökümet ilkinji mejlisini geçirdi

Wise-premýer we hökümetiň metbugat geňeşçisi Bülent Arynjyň mejlisden soň beren beýanatynda Milli howpsyzlyk geňeşiniň baş sekretarlygy, Milli howpsyzlyk gullugy, Din işleri guramasy, Kommunal hojalyk edarasy, Türkiýe maýa goýum, goldaw we tanyşdyryş gullugy Premýer ministr Dawutoglynyň gözegçiliginde işlär.
Bülent Arynjyň beýan etmegine görä Wise-premýer Ýalçyn Akdogan Mejlis bilen gatnaşyklara, döwlet diplomatiýa bilen bagly guramalara, Metbugat we maglumat baş müdirligine, Türkiýe radio-telewideniýe guramasynyň baş müdirligine, Anadoly habarlar gullugyna, Radio-telewideniýe ýokary geňeşine gözegçilik eder.
Mejlisde Arynjyň hökümetiň metbugat geňeşçiligini dowam etdirmegi barada netijä gelindi.
Bülent Arynç, Terrorçylyga garşy göreş boýunça ýokary geňeşe, Kipr bilen utgaşyklyk işlerine, Gaznalar baş müdirligine we Türkiýe Adam hukuklary guramasyna gözegçilik eder.
Wise-premýer Ali Babajan ykdysady ugurlara gözegçilik eder.
Wise-premýer Ali Babajan Döwlet gaznasyna, Merkezi banka, Zirraat bankyna, Halk banka, Ösüş bankyna, Eskport kredit bankyba, Wakyflar bankynyň baş müdirliklerine, Sermaýa bazary geňeşine, Bankçylyk boýunça ýokary gurama we ätiýaçlandyryş gaznasyna gözegçilik eder.
Wise-premýer Numan Kurtulmuş bolsa Medeniýetleriň jebisligi taslamasyna, Atatürk adyndaky Medeniýet, dil, taryh ýokary guramasyna, Türk hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullugyna, Daşaru ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler ederasyna, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýar guramasyna gözegçilik eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar