Liderler gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Erdogan Ýeňiş baýramynyň ähli kynçylyklaryň agzybirlikde we bitewilikde ýeňip geçen halkyň güýjünü görkezmegi taýdan diýseň möhümdigini aýtdy

108223
Liderler  gutlag ýüzlenmesini çap etdi


Liderler Ýeňiş baýramy mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdiler.
Prezident R. T. Erdogan Ýeňiş baýramy mynasibetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde, 30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň ähli kynçylyklaryň agzybirlikde we bitewilikde ýeňip geçen halkyň güýjünü görkezmegi taýdan diýseň möhümdigini aýtdy.
TBMM-niň başlygy Jemil Çiçek hem ýüzlenmesinde “Taryhyň dowamynda abraýly ýaşan halkymyz, barlygyny gorap saklamak üçin ähli bi günä halkara görelde boljak göreşiň başyny başladandyr we dünýäde öz mynasyp ornyny gorap saklandyr” diýdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly bolsa ýüzlenmlesinde “Ata babalarymyzdan alan ylham çeşmämiz we uly hyjuw bilen raýatlarymyzyň arasynda we ýaşaýan geografiýamyzda adalatyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla edýäris” diýdi.
Jemhuriýet halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly bilen Baş Ştabyň başlygy goşun generaly Nejdet Özel hem gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar