Gerhard Şroder "Türkiýe dogry ýola tarap barýar"diýdi

Şroder ÝB ministri Mewlüt Çawuşogly we Ýaşlar we sport ministri Çagataý Kylyç bilen duşuşdy.

93443
Gerhard Şroder "Türkiýe dogry ýola tarap barýar"diýdi

Germaniýanyň ozalky Premýer ministri Gerhard Şroder “Türkiýe dogry ýola tarap barýar”diýdi
Dynç alyşyny Mugla welaýatynyň Bodrum etrabyndaky öýünde geçirýӓn Şroder ÝB ministri Mewlüt Çawuşogly we Ýaşlar we sport ministri Çagataý Kylyç bilen duşuşdy.
Prezidentlige saýlanan Premýer ministr Erdogana telefon edip tӓze wezipesi bilen gutlandygyny aýdan Germaniýany ozalky Premýer ministri “Hӓzirki kadrlary bilen Türkiýe dogry ýola tarap barýar”diýdi.
Şroder “Saýlanan Prezident R.T. Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdim. Erdogany gazanan üstünligi bilen gutladym. Dostlugymyz dowam edýӓr. Men indi Bodrumly boldym. Özümi Bodrumda diýseň bagtly hasap edýӓrin. ÝB-ne agza bolmagy üçin rowaşçlyk arzuw edýӓrin” diýdi.
Mewlüt Çawuşogly hem Şroderiň Premýer ministrligi döwründe ÝB-ne agzalyk etabynda Türkiýӓ uly goldaw berendigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar