Türkiýe hüjümleriň bes edilmeginden hoşal

Türkiýe Gazada hüjümleri bes edilmegi boýunça gazanylan wagtlaýyn ylalaşyga hoşallygyny bildirdi

80638
Türkiýe hüjümleriň bes edilmeginden hoşal

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda “Gazada hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň Palestina tarapynyň ylalaşyjy çemeleşmesiniň netijesinde ýaňadandan dikeldilmegi üçin Kairde alynyp barylýan gepleşiklerde hüjümleriň bes edilmegine hoşallyk bildirýäris” diýilýär.
Beýanatda “Ysraýyly Gaza guraýan ähli operasiýalaryny bes etmäge we taraplara bu etapda ylalaşygyň bozulmagyna sebäp boljak meçew beriji hereketlerden çetde durmaga çagyrýarys” diýilýär.
Ministrligiň beýanatynda ýola goýuljak asudalygyň Gazada birsydyrgyn ylalaşygyň gazanylmagy ugrundaky giňgerimli gepleşikler üçin gerek bolan şerti döretmegi arzuw edildi.
Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly hem twitter arkaly Gazada gazanylan ylalaşyk barasynda pikirlerini beýan etdi.
Dawutogly ýüzlenmesinde “Gazada mundan ozal bozulan hüjümleriň 72 sagat möhlet bilen bes edilmegi barasyndaky ylaşagyň gazanylmagyna hoşallyk bildirýäris” diýilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar