Türkiýe gök baýdakda dünýä boýunça üçünji ýerde

Türkiýäniň 2014-nji ýylda 397 sany gök baýdakly plýažy bilen 70 ýurduň arasynynda üçünji ýerde durýandygy habar berildi.

72310
Türkiýe gök baýdakda dünýä boýunça üçünji ýerde

Deňiz söwda bileleşiginiň izmirdäki bölümi tarapyndan berilen beýanata laýyklykda İspaniýa 573 plýažy bilen birinji ýeri, Gresiýa bolsa 407 plýažy blen ikinji ýeri eýeleýär.
Türkiýe gök baýdakly gämi portlara eýe ýurtlaryň hatarynda-da 22 sany gök baýdakly porty bilen 70 ýurduň arasynda 7-nji ýeri eýelemegiň hötdesinden geldi.
Gämi portlary boýunça 108 porty bilen İspaniýa birinji ýerde, 103 port bilen Germaniýa ikinji ýerde, 101 porty bilen Gollandiýa üçünji ýerde durýar.
Gök baýdak şol bir wagtda arassa deňiz, howpsyz daşky gurşaw manysyny aňladýandygy üçin ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar tarapyndan has köp isleg bildirilýär.
Gök baýdak baýragy plýažlara, gämi portlaryna we ýahtalara bir ýyllyk möhlet bilen berilýär we her ýyl derňewler gaýtadan geçirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar