Ysraýyla uçar saparlary bes edildi

Türkiýe Ysraýylyň Tel-Awiw şäherindäki Bin Gurion howa menziline edilýän uçar saparlaryny sagat 22:00-dan başlap 1 gün möhlet bilen bes etdi

67738
Ysraýyla uçar saparlary bes edildi

Transport, deňizçilik we aragatnaşyk ministrliginden berilen beýanatda Ysraýylyň Tel-Awiw şäherindäki Bin Gurion howa menzilindäki howpsyzlygyň pesligi sebäpli türk transportlarynyň şol howa menziline gurajak saparlary sagat 22:00-dan başlap 24 sagat möhlet bilen Raýat awiasiýasy baş müdirligi tarapyndan bes edildi” diýilýär.
Türk Howaýollarynyň Stambul-Tel-Awiw saparlaryny amala aşyrýan 2 ýolagçy uçary Bin Gurion howa menziliniň golaýynda bolan çaknyşyklar sebäpli düýn gije Atatürk adyndaky howa menziline dolanyp geldi.
Türk Howaýollarynyň metbugat geňeşçisi Ali Genç sosial media arkaly beren beýanatynda “Türk Howaýollary bar bolan şertleri seljerip, Tel-Awiw saparlaryny 24 sagat möhlet bilen bes etmek barasynda karara geldi” diýdi.
Ali Genç mesele bilen ýakyndan gyzyklanylýandygyny belläp “Şertlere görä uçuşlar baradaky karar ýaňadandan seljeriler” diýdi.
ABŞ, Germaniýa, Norwegiýa, Fransiýa we Kanada hem Tel-Awiwe guraýan saparlaryny bes edendigini habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar