"Prezident dolanşygyna geçilmegini isleýärin"

Prezidentlige dalaş edýän Premýer ministr R.T.Erdogan düýn hususy teleýaýlymlardan biriniň gepleşiklerine gatnaşdy

66537
"Prezident dolanşygyna geçilmegini isleýärin"

Gün tertininde prezident dolanşygy, 3 döwür düzgüni bilen prezident saýlawy we ondan soňky tapgyr bardy.
Premýer ministr Erdogan prezidentlige saýlanan halatynda syýasy gurluşygyň nähili bolmagyny isleýändigini gürrün berdi.
Erdogan “Putin modeline” oňyn garamaýandygyny belläp, prezident dolanşygy barasyndaky garaýyşlaryny ýene-de bir gezek beýan etdi.
Türkiýäniň prezident dolanşygyna geçirmegi arzuw edýändigini bellän Premýer ministr “Partiýamyzyň şol wagtky karar mehanizmleri ony kabul ederlermi, ony bilemok. Prezidentlik bolmasa ýarym prezidentlik hem bolup biler. Bularyň Türkiýä peýdaly boljakdygyny pikir edýärin” diýdi.
Erdogana prezidentlige saýlanan halatynda partiýanyň ýagdaýy, täze premýer ministr we 3 döwür düzgüni hem soraldy.
Premýer ministr Erdogan täze premýer ministriň sowalnamalaryň netijelerine görä we geňeşmeler bilen kesgitlenjekdigini, egindeşlerine doly ynanýandygyny aýtdy.
Erdogan üç döwür düzgüni barasynda bolsa ahyrky kararyn partiýanyň gurultaýynda kabul ediljekdigine ünsi çekdi.
Möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegini islemeýändigini aýdan Erdogan, bir ýylda üç saýlawyň ýurduň ykdysadyýeti taýdan peýdaly bolmajakdygyny nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar