Erdogan Ysraýyly we oňa goldaw berýän ýurtlary ýazgardy

Premýer ministr R.T.Erdogan Gaza guralýan hüjümler sebäpli Ysraýyly we hüjümlere ünssiz garaýan ýurtlary tankyt etdi

65329
Erdogan Ysraýyly we oňa goldaw berýän ýurtlary ýazgardy

Çekilen adam pidalaryny ýatladan Premýer ministr “Bularyň ählisini nädip görmediksiräp bilýärsiňiz, biziň ýüregimiz paralanýar” diýdi.
Premýer misitr Erdogan hususy teleýaýlymlardan birinde gün tertibindäki meseleler barada garaýyşlaryny beýan etdi.
Erdogan “Amerika, Ysraýyl bu taýda goranyş hukugyndan peýdalanýar” diýýän bolsa, onda ilkinji nobatda Amerika öz pozisiýasyny seljermeli. Amerikanyň dünýä parahatçylygyna goşýan goşandy ýokary bolmaly. BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşiniň agza hökmünde adalatly çemeleşmeli” diýdi.
Hytaýyň beren beýanatyny adalatly çemeleşme hökmünde göwnejaý hasaplaýandygyny nygtan Erdogan, köp sanly ýurduň Ysraýylyň ýanynda durmagynyň pikirlendirijidigini aýtdy.
Premýer ministr Erdogan “Ysraýyl aşa güýç ulanmak arkaly adamlary çaga-aýal diýmän yzgiderli ýagdaýda wagşylarça öldürýär. Bularyň ählisini nädip görmediksiräp bilýärsiňiz, Amerika ýaly ýurt bulary nädip görmediksiräp bilýär” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar