Mahmud Abbas Gül we Erdogan bilen duşuşdy

"BMG-da Türkiýäniň bize berýän goldawy bizi buýsandyrýar”

63984
Mahmud Abbas Gül we Erdogan bilen duşuşdy


Premýer ministr Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Türkiýä gelen Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Stambulda ilki Prezident Abdulla Gül bilen duşuşdy.
Gül duşuşykdan soň guralan bilelikdäki metbugat ýygnagynda, soňky duşuşyklaryndan soň Palestinada uly özgerlişigiň bolandygyny, milli ylalaşygyň ýola goýlandygyny aýtdy.
Prezident Gül soňky 10 günde Ysraýyl tarapyndan guralýan hüjümleriň hem Palestinanyň halkyny hem-de ylalaşyk hökümetini nyşana alýandygyny nygtady.
Abdulla Gül Mahmud Abbasyň başdan geçirilýän wakalar hakynda özüne maglumat berendigini belledi.
Embargolar sebäpli uly kynçylygy başdan geçirýän Palestinanyň halkyna ynsanper kömeginiň gysga wagtda ýetirilmelidigini aýdan Abdulla Gül, “Yzygiderli ylalaşyk ýola goýulmaly we mesele iki döwletli çözgüt esasyna laýyklykda çözülmeli” diýip belledi.
Prezident Gül hemişe bolşy ýaly türk halkynyň palestinanyň halkyna goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.
Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas hem çykyşynda Palestinada başdan geçirilýän wakalar hakynda maglumat berdi.
Türkiýäni Palestina meselesinde esasy hyzmatdaş hökmünde görýändiklerini, Türkiýe bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýdan Abbas, “BMG-da Türkiýäniň bize berýän goldawy bizi buýsandyrýar” diýdi.
Ysraýylyň Palestinalylaryň arasyndaki ylalaşyga garşydygyny aýdan Abbas “Ysraýyl biziň BMG-na we beýleki halkara guramalara agza bolmagymyzy islemeýär. Paýtagty İýerusalym bolan garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmazlygy üçin yzygiderli ýagaýda bahana tapýar” diýdi.
Mahmud Abbas soň bolsa Premýer ministr R. T. Erdogan bilen Adalat we Ösüş partiýasy tarapyndan Stambulda berlen agzaçara gatnaşdy. İki lider agzaçardan soň Dolmabahçe köşgünde özara duşuşyk geçirdi.
Metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşykda Ysraýylyň Gaza guraýan gury ýer hüjümlerinden soňky ýagdaý hakynda pikir alyşyldy.
Duşuşyk hakynda hiç hili beýanat berilmedi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar