Erdogan: "Täze Türkiýe üstün çykar"

Prezidentlige dalaş edýän Premýer ministr R.T.Erdogan saýlaw propogandasyny düýn Sakarýa welaýatynda we Stambulda dowam etdirdi

132219
Erdogan: "Täze Türkiýe üstün çykar"

Sakarýa welaýatynda geçiren saýlaw mitinginde çykyş eden Erdoganyň oppozision partiýalaryny tankyt etdi.
Erdogan oppozisiýanyň täze bileleşik döredip, dartgynlygy we bölünşigi güýçlendirýän syýasat alyp barýandygyny nygtady.
Erdogan çykyşynda siriýaly bosgunlar meselesinde-de durup geçdi.
Mitingden soň Stambula baran Erdogan ol ýerde Stambul Dostluk jemgyýetiniň beren agzaçaryna gatnaşdy.
Erdoganyň gün tertibinde Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri bardy.
R.T.Erdogan Palestina gowgasyna elmydama arka durjakdyklaryny belläp, Ýakyn Gündogarda zulum çekýänlere goldaw berjekdiklerini aýtdy.
Premýer ministr Erdogan 10-njy awgustyň Türkiýäniň geljegi taýdan iňňän möhüm senedigini nygtady.
Şol saýlawda köne Türkiýe bilen täze Türkiýäniň saýlanjakdygyny bellän Erdogan “Enşalla täze Türkiýe üstün çykar, enşalla ýagty gelejek üstün çykar” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar