İhsanoglunyň saýlaw propogandasynda dartgynlyk

Prezidentlige dalaş edýän Ekmeleddin İhsanogly saýlaw propogandasyny Stambulda dowam etdirdi

124014
İhsanoglunyň saýlaw propogandasynda dartgynlyk

Eýup etrabynda raýatlar bilen duşuşan İhsanogly, Eýup Soltan metjidini zyýarat etdi.
İhsanogly “Ybadathanada, döwlet edaralarynda we garnizonda syýasat bolmaz” diýmek bilen, beýanat bermedi.
Soň Aýwansaraýdaky Hesreti Kaabyn türbedini zyýarat eden İhsanogly berilen agzaçara gatnaşmalydy.
Emma şol ýerde ýarag sesiniň eşidilmeginden sebäpli İhsanogly agzaçara garaşman gitdi.
Stambulyň içeri işler müdirliginden waka barasynda berilen beýanatda “İhsanogluny goramakdan jogapkär polis topary bilen ol ýere gelen käbir adamlaryň arasynda dartgynlyk ýüze çykypdyr. Şol wagt bir gullukçymyz duýduryş bermek üçin bir gezek od açyp, adamlary çetleşdiripdir” diýildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar