Erdogan saýlaw utgaşyklyk merkezini açdy

Premýer ministr R.T.Erdogan syýasatyň daşyndan biriniň prezidentligini pikir etmegiň mümkin bolmandygyny aýtdy

121231
Erdogan saýlaw utgaşyklyk merkezini açdy

Prezident saýlawlarynyň kampaniýalaryny utgaşdyrjak “Saýlaw utgaşyklyk merkezini” açan Premýer ministr, Prezident saýlawy meýilnamasyny bolsa 11-nji iýul anna güni yglan eder.
Merkeziň açylyşyndan soň Keçiören etrabynda berilen agzaçara gatnaşan Erdogan, oppozisiýanyň premýer ministriň iş başyndan çekilmelidigi barasyndaky çagyryşlaryna-da jogap berdi.
“Prezidentlik wezipesi, witrina wezipe däl” diýen Erdogan “Prezidentlik wezipesi syýasatyn iň ýokary çägi. Emma oňa düşünmeýänler, bilmeýänler bolup biler. Bu dünýäniň her ýerinde şeýle. Bu biziň ýurdumyzda-da şeýle boldy, ýöne ony bir düşünjä laýyklykda berjaý edenler bolup biler. Oňa elbetde hormatly Güli degişli etmek mümkin däl” diýdi.
Prezident saýlawlary golaýlaşýarka Premýer ministr Erdoganyň saýlawda ulanjak fotosuraty hem belli boldy.
Fotosurat saýlaw ses delilnamasyna goýulmagy üçin Ýokary saýlaw geňeşine gowşuryldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar