Erdogan prezident saýlawy üçin mitinglerine başlady

R.T .Erdogan prezidentlige dalaşgär yglan edilmeginden soň ilkinji mitingini düýn Samsun welaýatynda geçirdi…

119001
Erdogan prezident saýlawy üçin mitinglerine başlady

Premýer ministr Erdogan Samsunda halka ýüzlenip eden çykyşynda oppozision partiýalary tankyt etdi we “Respublikan partiýasy we Milletçi hereket partiýasy halk baştutan däl, eýsem durgunlyga sakçy saýlamagyň kül-külünde” diýdi.
Erdogan saýlanan halatynda halka hyzmat etmek üçin irginsiz işlejekdigini aýtdy.
Premýer ministr saýlawçylaryň ählisini ses bermäge çagyrdy. Erdogan mitingden soň samsunlylar bilen agzaçarda duşuşdy.
R.T.Erdogan Samsunyn Azat edijilik söweşinde bolşy ýaly samsunlylaryň prezident saýlawynda-da ilkinji ädimi ätjekdigine ynanýandygyny aýtdy.
Erdogan agzaçardan soň birnäçe duşuşyk geçirdi.
Premýer ministr R.T.Erdogan şu gün bolsa Erzurum welaýatynda halka ýüzlenip çykyş eder.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar