Ünsler Adalat we ösüş partiýasyna gönükdi

Partiýanyň prezidentlik saýlawlary üçin dalaşgäri ertir yglan ediler

111713
Ünsler Adalat we ösüş partiýasyna gönükdi

Adalat we ösüş partiýasynyň prezident saýlawlarynda kimi dalaşgär görkezjekdigi ertir sagat 11:30-da müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky maslahatda yglan ediler.
Dalaşgäriň yglan ediljek zalynda soňky taýarlyklar görülýär.
Dabara 4 müňe golaý adam çagyryldy. Çagyrylanlary hatarynda 21, 22, 23 we 24-nji çagyrlyşyň halk deputatlary, ministrler, ministrleriň orunbasarlary, welaýat, etrap we etrapçalaryň häkimleri, Merkezi karar dolanşygy geňeşiniň agzalary, gurultaýyn delegatlary, partiýanyň welaýat bölümleriniň ýolbaşçylary we partiýany esaslandyryjylar hem bar.
Maslahat üçin zalda 70 adam iş adam iş alyp barar.
Maslahata çagyrylanlar diňe öz atlaryna ýazylan kartlar bilen zala girerler, kartlary bilen bir reňkde özleri üçin bellenen ýerlere oturup bilerler.
Maslahatyň geçiriljek zalynda ýokary howpsyzlyk çäreleri görüldi.
Premýer ministrligiň janpena topary 180 adam bilen howpsyzlygy üpjün eder.
Maslahata çagyrylanlara ýanlary bilen howpsyzlyga wehim saljak serişdeler, lozunglar ýa-da beýleki goşlary getirmezlikleri üçin duýduryş berildi.
Adalat we ösüş partiýasynyň dalaşgäriniň yglan ediljek maslahatyna metbugatyň gyzyklanmasy hem ýokary bolar.
Habarçylar bilen birlikde redaktorlar, metbugat organlarynyň Ankaradaky wekilleri we awtorlar bilen birlikde 250 metbugat işgäri maslahata gatnaşar.
Partiýanyň dalaşgäriniň yglan edilmeginden soň merkezi binada “Welaýat ýolbaşçylarynyň giňeldilen maslahaty” geçiriler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar