"Abdulla Gül Prezidentlige dalaşgär bolmaýar"

Prezident Abdulla Gül prezident saýlawynda dalaşgär bolmajakdygyny aýtdy

111314
"Abdulla Gül Prezidentlige dalaşgär bolmaýar"

Prezident Abdulla Gül Stambulda “Gazi” çapyşygynyň baýrak gowşurlyş dabarasyndan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.
28-nji awgustda iş möhletiniň gutarýandygyny ýatladan Abdulla Gül, premýer ministrlik barasyndaky soraga “bular soň maslahatlaşyljak meseleler” diýip jogap berdi.
Beýleki tarapdan Prezident Abdulla Gül düýn Tarabýa köşkünde Premýer ministr R.T.Erdogany kabul etdi.
Premýer ministr Erdogan mundan ozal prezident saýlawy meselesi boýunça Prezident Abdulla Gül bilen ýene-de bir gezek duşuşjakdygyny aýdypdy.
Prezident Gül bilen Premýer ministr Erdoganyň duşuşygy 45 minut dowam etdi.
Duşuşykdan soň beýanat berilmedi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar