E.İhsanoglu goldaw üçin duşuşyklara başlady

Respublikan halk partiýasy bilen Milletçi hereket partiýasy tarapyndan prezident saýlawy üçin bilelikde dalaşärlige hödürlenen Ekmeleddin İhsanogly Ankarada işe girişdi

107570
E.İhsanoglu goldaw üçin duşuşyklara başlady

İhsanogly saýlawlar üçin goldaw duşuşyklaryna başlady.
Uzakly gün syýasy partiýalarda duşuşyklar geçirjek Ekmeleddin İhsanogly ilki bilen Beýik jebislik partiýasyna bardy.
İhsanogly Beýik jebislik partiýasynda, partiýanyň ýolbaşçysy Mustafa Destiji bilen duşuşýar.
Destiji İhsanogluna Muhsin Ýazyjyoglunyň eserleriniň ýygyndysyny sowgat berdi.
İhsanogly soň bolsa Demokratik çepçi partiýasyna barar.
Respublikan halk partiýasynyň we Milletçi hereket partiýasy ýolbaşçylary bilen duşuşjak E.İhsanogly Bagtyýarlyk partiýasynda, Demokrat partiýasynda we Halklaryň demokratiýasy partiýasynda duşuşyklar geçirer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar