Türkiýäniň Basradaky Başkonsullygy ýapyldy

Türkiýe Yrakda agyrlaşýan howpsyzlyk wehimi sebäpli Basra şäherindäki Başkonsullygyny boşatdy

98530
Türkiýäniň Basradaky Başkonsullygy ýapyldy

Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly düýn agşam twitter arkaly beren beýanaty bilen ünsleri Basra gönükdirdi.
Dawutogly howpsyzlyk sebäpli Türkiýäniň Basra şäherindäki Başkonsullygynyň ýapylandygyny, işgärleriň howpsyz ýagdaýda Kuweýde geçendigini habar berdi.
Dawutogly “Raýatlarymyzyň Yrakdaky howply etraplardan çykarylmagy üçin döredilen toparymyz we Bagdatdaky ilçihanamyz 24 sagadyň dowamynda iş alyp barýar” diýdi.
Diplomatik çeşmeler Türk howaýollarynyň Basra şäherine saparlaryny dowam etdircekdigini, başkonsullygyň bolsa wagtlaýynça ýapylandygyny habar berýär.
Beýleki tarapdan zamun alynan Mosuldaky türk başkonsullygynyň işgärleriniň we türk sürücileriniň Türkiýäniň dolanyp gelmekleri üçin hem gepleşikler dowam edýär.
Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly düýn Meclisiň Başlygy Cemil Çiçek bilen geçiren duşuşygynda ýetilen sepgit barasynda maglumat berdi.
Beýleki tarapdan Ankara şäheriniň prokuroturasynyň ýüz tutmasyna laýyklykda 9-ncy Cenaýat kazyýeti Türkiýäniň Mosuldaky başkonsullygyna guralan hücüm barasyndaky habarlaryň çap edilmegine gadagançylyk getirdi.
Neşir gadagançylygynyň Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasy tarapyndan näbelli bir ýere alynyp gidilen türk raýatlarynyň howpsyzlyklarynyň üpcün edilmegi üçin goýlandygy nygtaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar