Prezident Gül Mosul meselesi boýunça maslahat geçirdi

YDYD guramasynyň Mosuldaky türk konsullygyna guralan hüjümden son Ankaradaky maslahatlar dowam edýär

95322
Prezident Gül Mosul meselesi boýunça maslahat geçirdi

Düýn ilki daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyň, milli howpsyzlyk geňeşiniň başlygy Hakan Fidanyň, baş ştabyň ikinji başlygy Ýaşar Gülerin we içeri işler bölüminiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.
Soň Prezident Abdulla Gülüň çagyryşyna laýyklykda Çankaýa köşkünde-de maslahat geçirildi.
Gül Mosuldaky soňky ýagdaý barasynda maglumat almak üçin daşary işler ministri Dawutoglyny, milli howpsyzlyk geňeşiniň başlygy Hakan Fidany, baş ştabyň ikinji başlygy Ýaşar Güleri we daşary işler ministriniň orunbasary Feridun Sinirliogluny çagyrdy.
Maslahatda Yrakdan gelip gowşan ähli maglumatlar seljerildi, hem-de mundan beýläk edilmeli işler barasynda pikir alyşyldy.
Ýetilen sepgit barasyndaky beýanat bolsa daşary işler ministriniň orunbasary Naji Koru tarapyndan berildi.
Konsullygyň işgärleriniň we türk sürüjileriniň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny aýdan Naji Koru, olaryň Siriýa alynyp gidilendigi barasyndaky habarlaryň hakykaty beýanat etmeýändigini, henizem Mosulda saklanýandyklaryny aýtdy.
Ulag sürüjileri üçin pul soralmaýandygyny aýdan Naji Koru, hüjümiň dowamynda ekstremistleriň sanynyň garşylyk görkezmäge mümkinçilik bermejek derejede köpdügini nygtady.
Naji Koru hüjümden ozal Yragyň degişli edaralarynyň türk konsullygyny goraýan ýerli howpsyzlyk güýçlerini çekendigini hem nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar