Türkiýe Mosuldan geljek habarlara garaşýar

Dawutogly oppozisiýadaky partiýalara wakalar hakynda maglumat berdi

93069
Türkiýe Mosuldan geljek habarlara garaşýar

Türkiýe Mosuldan geljek habarlara sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Günüň dowamynda yzly-yzyna maslahat geçiren we Mosuldan gelen habarlar bilen ýakyndan gyzyklanan Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly soň bolsa oppozisiýadaky partiýalara wakalar hakynda maglumat berdi.
Dawutogly YDYD guramasy tarapyndan näbelli ýere alnyp gidilen Türkiýäniň Mosuldaky baş konsuly, konsullygyň işgärleri we türk sürüjileri hakynda halka hem maglumat berdi.
“Saglyk ýagdaýlary gowy” diýen Dawutogly, konsullygyň işgärleriniň howpsuz ýere alnyp gidilendigi hakyndaky habarlary tassyklady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar