Erdogan Rizä bardy

Erdogan iş saparynyň çäginde käbir dabaralaryň açylyş dabarasyna gatnaşar

93496
Erdogan Rizä bardy

Premýer ministr R. T. Erdogan Gündogar Garadeňiz welaýatlaryna guraýan saparynyň ilkinji duralgasy bolan Rizä bardy.
Düýn gije Rize welaýatyna giden Premýer ministr Erdogany Gümrük we söwda ministri Haýati Ýazyjy bilen birlikde Adalat we Ösüş partiýasynyň agzalary garşylady.
Erdogan ilki doglan ýeri Günersuwa bardy we obadaşlary tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy.
Premýer ministr Erdogan iş saparynyň çäginde käbir dabaralaryň açylyş dabarasyna gatnaşar.
Erdogan welaýat häkimligine hem baryp görer we Adalat we Ösüş partiýasynyň maslahatynda gatnaşar hem-de öz adyny göterýän uniwersitetiň mugallymlary bilen duşuşar.
Premýer ministr Erdogan Gündogar Garadeňiz welaýatlaryna guraýan iş saparynyň çäginde Artwine we Trabzona barar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar