Dawutogly YDYD guramasy barasyndaky garaýyşynda mamla

Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasy (YDYD) Mosula guran hüjümi bilen dünýäniň gün tertinde esasy orny eýeledi

91261
Dawutogly YDYD guramasy barasyndaky garaýyşynda mamla

11-nji sentýabrdaky hüjümden soň emele gelen yslam duşmançylygynyň esasy meçew berijisi Al Kaýda bolupdy.
İndi bolsa Al Kaýdadan bölünip aýrylan YDYD Mosula guran hüjümi bilen dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.
YDYD terror guramasy Siriýadaky gyrgynçylyklardan son adyny terror sanawyna ýazdyrdy.
Halkara platformalarynda YDYD terror guramasynyň emele getirýän howpyna ilkinji bolup ünsi çeken daşary işler ministri Ahmet Dawutoglydy.
Dawutogly “Aslyna seredilende täsin wakalar başdan geçirilýär, Siriýanyň oppozisiýasyny terrorçylykda aýyplaýanlar görmeýär, Siriýanyň demirgazygynda başdan geçirilýän hemmelere mälim. İlki hökümet bombalaýar, soň YDYD gelýär, hyzmatdaşlyk edýändiklerini belli” diýdi.
Dawutogly birnäçe aý mundan ozal terror guramasy YDYD bilen göreş barasynda-da durup geçipdi.
Dawutogly “Eger Başar Asadyň 2 ýyl dowam eden berk basyşy bolmadyk bolsady YDYD we şuňa meňzeş toparlaryň döremegi mümkin däldi. Olaryň iň ulusy Yragyň hökümeti, ähli erbetlikleriň gözbaşy hem Asad” diýipdi.
Siriýanyň Oppozision we ynkylapçy güýçler koalisiýasynyň başlygy Ahmet Al Jarba “YDYD Siriýanyň hökümeti bilen söweşmedi. Hökümete dost boldy” diýmek bilen Dawutoglynyň YDYD barasyndaky garaýyşynda nädereje mamladygyny görkezdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar