Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Premýer ministr R.T.Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

78068
Erdogan Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Premýer ministrlikden berilen beýanata laýyklykda telefon arkaly söhbetdeşlikde özara gatnaşyklar bilen birlikde Ukrainada geçirilen prezident saýlawy, halkara meseleler barasynda pikir alyşyldy.
Erdoganyň Ukrainadaky saýlawyň netijelerine sarpa gotmagyň, meseleleriň parahatçylykly ýollar bilen çözülmeginiň möhüm ähmiýetine üns çekendigi nygtalýar.
Krym Awtanomiasýynda ýaşaýan Krym tatarlarynyň haklarynyň we hukuklarynyň goralmagynyň Türkiýe üçin möhüm ähmiýetine eýedigine ünsi çeken Premýer ministr Erdogan, Krym tatarlarynyň hukuk derejelerine Krym Tatar Milli Mejlisiniň degişli bolmagyndaky gepleşik tapgyrynda garalmalydygyny nygtady.
Erdogan şol çäkde Krym tatarlarynyň lideri Mustafa Abduljemil Krymogluna goýulan çäklendirmäniň aýrylmagynyň we Krym Tatar Milli Mejlisiniň Başlygy Rifat Çubarow bilen duşuşmagynyň möhüm başlangyç boljakdygyny aýdandygy habar berildi.
İki lideriň Siriýa meselesinde-de pikir alyşandygy barasynda nygtalýan beýanatda, Erdoganyň Türkiýäniň Siriýadaky adam pidalarynyň bolmazlygyny isleýändigi, resmi Damaskyň häkimiýet başynda galyp bilmek üçin terror guramalary bilen hyzmatdaşlyga gönükmegi sebäpli ýüze çykýan howplara garşy utgaşykly hereket edilmelidigini aýdandygy habar berildi.
Erdoganyň we Putiniň iki ýurduň arasydnaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýetine ünsi çekip, energetika pudagyndaky bilelikdäki taslamalar bilen birlikde söwda we ykdysady ugurlarda ylalaşylan ugurlarda işe girişilmegine aýratyn uly ähmiýet berýändikleri nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar