Wise-premýer Emrullah İşler Garadaga bardy

Wise-premýer Emrullah İşler resmi sapar bilen Garadaga gitdi

77022
Wise-premýer Emrullah İşler  Garadaga bardy

Wise-premýer Emrullah İşler resmi sapar bilen Garadaga gitdi.
Emrullah İşler saparynyň çäginde ilki paýtagt Podgorisada Prezident Filip Wužanowiç bilen duşuşdy.
İçgin ýagdaýda geçen duşuşykda Prezident Wužanowiç Türkiýe hakynda öwgüli sözler aýtdy we Prezident Abdulla Gül bilen Premýer ministr Erdogana mähili salamyny gowşurmagyny isledi.
Wise-premýer İşler soň bolsa Türk hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk edarasy TİKA-nyň Podgorisadaky ofisine bardy.
Türkiýäniň Garadagyň ÝB-ne we NATO agzalygyna güýçli goldaw berýändigini aýdan İşler, TİKA-nyň şol ýurtdaky Osmanly eserleriniň abatlanmagy bilen birlikde birnäçe taslamany durmuşa geçirýändigini aýtdy.
Emrullah İşler Garadagyň Wise-premýeri Rafet Husowiç bilen hem duşuşdy.
Husowiç iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejelidigini nygtap, ýurdunda durmuşa geçirýän işleri sebäpli TİKA öz minnetdarlygyny bildirdi.
Emrullah İşler hem TİKA-nyň Garadagda 150-den gowrak taslamany durmuşa geçirendigini ýatlatdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar