Milli howpsyzlyk boýunça giňişleýin maslahaty geçirildi

Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň mejlisi düýn Prezident A.Gülüň ýolbaşçylyk etmeginde Çankaýa köşkünde geçirildi

62131
Milli howpsyzlyk boýunça giňişleýin maslahaty geçirildi

Mejlisinden soň berilen behanatda milli howpsyzlyga wehim salýan guramaçylyklar we olara görülýän çäreler barasynda pikir alyşylandygy nygtaldy.

Maslahatyň ileri tutulan ugurlaryndan biri hem Siriýada başdan geçirilýän pajygalar boldy.

Beýanatda Siriýada dowam edýän çaknyşyklaryň milli howpsyzlyk bilen birlikde sebitleýin parahatçylyga we durnuklylyga salýan wehiminiň seljerilendigi nygtalýar.

Ýakyn Gündogar sebitindäki wakalar barasynda-da pikir alyşylan mejlisde Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda alynyp barylýan gepleşiklerde ýetilen sepgit barasynda durlup geçilendigi, sebitde yzgiderli parahatçylyk üçin hökmany bolan palestinalylaryň arasynda jebisligiň ýola goýulmagy ugrunda Al Fetih bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirilendigi mälim edildi.

Müsürde soňky döwürde başdan geçirilen wakalaryň seljerilip, esasanda köpçülikleýin ölüm kararlaryna bildirilýän alada nygtaldy we şol kararlaryň dost hem-de dogan Müsüriň halkynyň geljegi üçin düzediljekdigine bolan ynam beýan edildi.

Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň mejlisinde Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk bilen ýüze çykan sebitleýin çykgynsyzlyk barasynda giňişleýin pikir alyşylandygy barasynda nygtalan beýanatda, dowam edýän we bolmagy ähtimaly wakalaryň Türkiýä ýetirjek täsirleri bilen Krym tatarlaryna ýetirjek täsirleriniň seljerilendigi habar berildi.

Maslahatda sebitleýin we global wakalara laýyklykda Türkiýä gerek bolan we Prezident Abdulla Gül tarapyndan başladylan goranyş ulgamyndaky özgertmelerde alynyp barylýan işler barasynda maglumat berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar