Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 117

Osman imperiýasy dargamagyna sebäp bolan 1-nji Jahan urşuna näme sebäpden goşuldy

284337
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 117

1-nji Jahan urşunyň 100-nji ýylynda dowam edýän diskussiýalardan biri Osman imperiýasynyň dargamagyna sebäp bolan urşa näme sebäpden goşulandygy bilen bagly. Elbetde Osman döwletiniň ýolbaşçylary şol urşyň özleriniň ýenilmegi bilen tamamlanjakdygyny bilip bilmezdi, emma uruşda ýeňjekdiklerini hem doly bilmeýärdiler. Emma hem 100 ýyl ozal hem-de şu günki günde Osman-Germaniýa-Awstriýa-Wegriýa bileleşiginiň harby güýji garşydaşlary bolan Britaniýa-Fransiýa-Russiýa hyzmatdaşlygynyňkydan pesdi. Eýsem Osman imperiýasy we Awstriýa-Wegriýa birnäçe uruşda ýeňilipdi we ejizdi, Germaniýa bolsa soňky 40-50 ýylda beýgelýän täze güýçdi.
Emma Britaniýa we Fransiýa 300 ýyldan bäri, Russiýa bolsa 200 ýyla golaý Ýewropanyň in beýik güýçleridi. Britaniýa we Fransiýa 2 asyr ozal senagat ynkylabyny durmuşa geçirip, ösüşini dowam etdiren bolsa, Germaniýa 45 ýyl ozal 1871-nji ýylda bitewi döwlete öwrülipdi. Osman imperiýasy bolsa senagat ynkylabyny durmuşa geçirip bilmeýşi ýaly, ýewropalylar tarapyndan “Ýewropanyň hassa adamy” hökmünde atlandyrylýardy. Osman döwleti 19-njy asyryň dowamynda, esasanda 1877-1878-nji ýyldaky Rus urşunda we 1912-nji ýyldaky Balkan urşunda territoriýasynyň uly bölegini elden gideripdi. Eýsem, şertleriň şeýle ýaramazdygyna garamazdan näme sebäpden 1-nji Jahan urşuna goşulypdy?
Osman imperiýasynyň 1-nji Jahan urşuna goşulmagy baradaky karary Ittihat we terakki partiýasynyň ýolbaşçylary kabul edipdi. Partiýanyň esasy ýolbaşçylaryndan biri bolsa döwrüň güýçli döwlet adamsy we Harby weziri Enwer serkerdedi. Ýolbaşçylaryň näme sebäpden Germaniýa we Awstriýa-Wengriýa bilen hyzmatdaşlyk etmek barada karara gelendigine göz ýetirmek üçin ilki bilen şol döwrüň şertlerine ser salmak gerek. Şol şertleriň başynda Osman imperiýasynyň 1877-78-nji ýyllardaky Rus urşy we şondan soň uly howp emele getiren Britaniýa, Russiýa we Fransiýa bilen güýçlenýän Germaniýanyň arasynda galmagy. Abdulhamit 2-nji uruşdan soň geçirilen 1878-nji ýylda Berlin maslahatyndan soň Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge başlaýar. Osman-Germaniýa hyzmatdaşlygy esasanda harby taýdan ösýär, nemes esgerleri bilen Osman goşunynyň özgerdilmeginde möhüm rol oýnaýar.
Osman-nemes hyzmatdaşlygynyň ykdysady, söwda, transport we beýleki ugurlarda ýaýbaňlanmaga başlamagy Britaniýa we Russiýany aladalandyrýar. Iňlisler Berlin-Bagdat demir ýolunyň Britaniýanyň Ýakyn Gündogardaky bähbitlerine howp salmagyna alada bildirýärdi. Beýleki tarapdan ruslar nemeslerin we hyzmatdaşy Awstriýanyň Balkanlarda, esasanda Saraýewoda ýaýbaňlanmagyna alada bildirýärdi. Iki ýurt Germaniýany we Osman döwletini indi özlerine howp hökmünde görýärdiler. Iki döwlet hem 1878-nji ýylda ýeňilen Osman döwletini bölekläp, Germaniýany hem ejizletmegi meýilleşdirýärdi. Ýeri gelende aýtsak-bir daş bilen iki guş urmak üçin pursat gözleýärdiler- we 1-nji Jahan urşuny pursat hökmünde kabul edipdi.
Şeýlelikde Osman döwleti Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy sebäpli Britaniýa we Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmegi mümkin däldi. Ittihat we Terakki Balkan urşundan son Britaniýa, Fransiýa we Russiýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge synanşan hem bolsa, başa barmandy. Hatda Britaniýa bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin 2 sany harby gämi almak üçin isleg bildirilip, bahasy nagt tölenipdi. Emma garaşylýan kadalaşma bolmady. Britaniýa Osman döwletini indi goralyp we goranyp bilinmejek derejede howply ýurt hökmünde görýärdi.
Osman imperiýasy bu şertlere garamazdan Russiýa bilen Awsrtriýanyň we Germaniýanyň arasyndaky uruşda tarapsyz galmaga teoriki taýdan synanşyp bilerdi. Emma oňa ýakyn durman, gysga möhletde Germaniýa-Awstriýa bileleşiginiň tarapynda orun alýar. Onuň sebäbi bolsa Ittihat we Terakki partiýasynyň daşary syýasat ideologiýasy bilen bagly. Partiýanyň ýolbaşçylarynyň Germaniýanyň ýanynda urşa gatnaşyp, 2 maksada ýetmegi göz öňünde tutandyklary öňe sürlüp bilner. Birinjisi: Britaniýa, Fransiýa we Russiýa aldyran ýerlerini ýaňadandan yzyna alyp, ozalky güýjüne eýe bolmaklyk pikiri. Ikinjisi: Russiýanyň we Britaniýanyň ýeňilmeginden soň iki ýurduň täsiri astyndaky Orta Aziýadaky türk halklary bilen bitewileşme meýilnamasy. Turançylyk hökmünde-de atlandyrylýan şol taslama bilen Osman imperiýasynyň beýik türk döwletine öwrülmegi meýilleşdirilýärdi.
Ittifak we Terakki partiýasy hem Germaniýanyň Osman döwleti bilen çuňňur hyzmatdaşlygyna göz ýetirýärdi. Osman goşunynda müňlerçe ýokary derejeli nemes ofiseri işleýärdi, nemes ýaraglary we harby enjamlary ulanylýardy. Şeýlede iki ýurduň bilelikdäki taslamasy bolan Berlin-Bagdat-Hijaz demir ýoly dowam edýärdi. Taslama tamamlanan halatynda Stambulyň hem mukaddes topraklara hem-de Balkan we Ýewropa ýurtlary bilen arabaglanşygy güýçlenmelidi. Şeýle çuňlaşýan hyzmatdaşlygyň bes edilmegi mümkin we ýeňil däldi. Osman döwletiniň 1-nji Jahan urşuna goşulmagy halkara şertler bilen Ittihat we Terakki partiýasynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki netijesi.
Osman-nemes hyzmatdaşlygy bu uruşda nähili ýerliksiz hem bolsa üstün çykmagy ähtimallygy hem bardy. Çanakgala urşunda bolşy ýaly frontlar üstün çykypdy we ýeňiş dowam edip bilerdi. Emma şol urşuň ykbalyny kesgitlänler Britaniýa we Fransiýa däl, 1917-nji ýylda bolan iki möhüm wakadyr. Birinjisi: Bolşewik rewolýusiýasyndan soň Russiýanyň uruşdan çekilmegi, ikinjisi bolsa ýerini has güýçli bolan ABŞ-nyň Britaniýanyň we Fransiýanyň ýanynda orun almagy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar