Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi

1-nji noýabrynda geçirilen parlament saýlawlary Türkiýäniň syýasy taryhy taýdan möhüm netijeleri ýüze çykardy

412741
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi

2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda geçirilen parlament saýlawlary Türkiýäniň syýasy taryhy taýdan möhüm netijeleri ýüze çykardy. Onuň iki esasy sebäbi bar. Birinjisi: 7-nji iýunda geçirilen saýlawyň netijesine görä täze hökümet gurulyp bilinmändigi üçin 1-nji noýabrda gaýtadan saýlaw geçirildi: şeýlelikde 92 ýyllyk respublika taryhynda ilkinji gezek bir ýylyň dowamynda 2 gezek saýlaw geçirildi. İkinjisi we has-da esasysy 1-nji noýabrda geçirilen saýlawyň netijeleriniň 7-nji iýunda geçirilen saýlawyň netijelerine görä diýseň geň galdyryjy we garaşylmadyk netijeleri ýüze çykarmagy. Jemgyýetçilik seljeriş firmalarynyň hiç haýsysy 13 ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Adalat we ösüş partiýasynyň sesleriniň 7-nji iýunda 40,8 göterimden 1-nji noýabrda 49,4 göterime ýetjekdigini, oppoziýadaky Milletçi hereket partiýasynyň 16,33 göterimden 11,9 göterime we Halklaryn demokratik partiýasynyň 13,7 göterimden 10,6 göterime düşjekdigini takmyn etmändi. Şuňa laýyklykda halk deputatlyklaryna görä Ak partiýa 258-den 317-ä we Respublikan halk partiýasy 132-den 134-e ýeten bolsa, Milletçi hereket partiýasy 80-den 40-a, Halklaryň demokratik partiýasy bolsa 80-den 59-a düşdi. İň ýakyn çaklamany beren birinden daşgary, köp sanly jemgyýetçilik seljeriş firmasy saýlawyň netijesiniň çaklanylmagynda ýalňyşdylar. Britaniýadaky soňky parlament saýlawlarynda bolşy ýaly Türkiýedäki saýlawyň netijeleri barada berilen çaklamalardaky ýalňyşlyklar düýpli diskussiýa mowzugydyr.
Häzirlikçe Türkiýe üçin esasy diskussiýa soraglary we mowzuklary şulardan ybarat: Bu garaşylmadyk netijeler nähili analiz edilmeli? Bu netijäniň sebäpleri nämeden ybarat? Mundan soň Türkiýäniň syýasaty nähili ugrugar?


Birinji sorag türk syýasatynyň gurluşy bilen bagly. 1-nji noýabrda geçirilen saýlawyň netijeleri 13 ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Ak partiýanyň 7-nji iýundaky gysga bökdençlikden soň berk pozisiýa eýeländigini görkezýär. Analitikleriň pikiriçe saýlawyň ýeke-täk ýeňijisi hökmünde kabul edilýän Ak partiýa, üstünlikli performansyny 12-nji gezek dowam etdirdi. Ak partiýa 2002-nji ýylyň 3-nji noýabryndan bäri geçiren jemi 12 saýlawynyň 11-de üstün çykdy. Türkiýäniň taryhynda görülmedik bu saýlaw performansy Ak partiýanyň türk syýasatynyň merkezine ornaşandygy manysyny aňladýar. Has-da möhümi 7-nji iýunda ýekelikde hökümeti gurmak üçin köplügi eýeläp bilmedik Ak partiýanyň bäş aýlyk gysga möhletde sesleriniň mukdaryny 25 göterime golaý artdyrmagydyr.
1-nji noýabrdaky saýlawyň beýleki bir möhüm tarapy bolsa oppozisiýadaky 3 partiýanyň hem umuman hem-de 7-nji iýuna görä üstünlikli performana eýe bolup bilmänligi. Oppozisiýadaky Respublikan halk partiýasy geçen saýlawa görä ses mukdaryny gorap saklan bolsa, türk milletçiligi pikirine eýe bolan MHP we kürt milletçiligi pikirine eýe bolan HDP garaşylmadyk mukdarda ses ýitirdi. Has geňel galdyryjy waka bolsa HDP-niň halk deputatlarynyň sanyna görä 3-nji ýeri eýelemegi, MHP-niň 4-nji ýere düşmegi. Bu netijeler 1-nji noýabrdaky saýlawyň netijesinde etniki milletçilik ideologiýasyna esaslanýan partiýalar uly ýitgi çekendigini görkezýär. Bu Türkiýäniň soňky ýyllarda görülen radikalizme bolan meýiliniň azalýandygyny görkezýär.
Elbetde saýlawyň netijelerinin şeýle tapawutly bolmagynyň esasy sebäbi bar. Ak partiýanyň ses mukdary şeýle ýokarlap, MHP-niň we HDP-niň ses mukdarlary näme sebäpde aşaklady? Onuň hakykata laýyk düşündirişi 7-nji iýundan ozalky döwre ser salynan halatynda ýüze çykýar. 7-nji iýundaky saýlawdan ozal parlament saýlawynda, ýagny 2011-nji ýylyň 12-nji iýunynda geçirilen saýlawda Ak partiýa 49,83 göterimlik ses mukdaryna eýedi. Şol jähtden seredilende Ak partiýa 2011-nji ýyldaky ses mukdaryna eýe boldy. Eger şeýle bolsa 7-nji iýundaky aşaklamadan soň 1-nji noýabrdaky ozalky güýjüne nähili eýe bolandygyny seljerip bileris. Muňa köp sanly sebäp görmezmek mümkin. Başga bir söz bilen aýdylanda Ak partiýanyň 7-nji iýundaky netijäniň öňüni almak üçin özüni täzelemek baradaky karary iňnän netijeli boldy.
Respublikan halk partiýasy bolsa ses mukdary taýdan durnukly performana eýe bolmak bilen birlikde, häkimiýet başyna geçmek üçin gerek bolan üstünlige eýe bolup bilmedi. Onuň Türkiýäniň sosiologik gurluşy, taryhy we syýasaty ýaly çuňňur sebäpleri bilen birlikde saýlaw performansynyň saýlawçylaryň ünsüni çekmändigini aýdyp bileris. MHP-niň we HDP-niň ses ýitirmekleriniň esasy sebäpleriniň bolsa, terror meselesinde berk pozisiýa eýeläp bilmänligi görkezilip bilner.
Indi esasy mowzuk ýada sorag täze döwürde Ak partiýanyň häkimiýetinde türk syýasatynyň nähili ugrukjaklygy bilen bagly. Bu barasynda anyk bir zat aýtmak üçin entek ir. Emma Adalat we ösüş partiýasynyň daşary syýasat, täze konstitutsiýa, ykdysadyýet, terror, Siriýa meselesi ýaly ugurlarda nähili başlangyçlar etjekdigine, oppozision partiýalarynyň saýlawyň netijelerine nähili reaksiýa görkezjekdigine görä ugrugar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar