Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 115

Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesi henizem çözülmedi we hasam çykgynsyzlaşdy

263409
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 115

On ýyldan bäri dowam edýän Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesi henizem çözülmedi we hasam çykgynsyzlaşdy. Meseläniň özeninde Eýranyň ýadro energiýasyny öndürme maksady bilen şol maksada Ysraýyl, günbatar we sebit ýurtlary tarapyndan alada hem-de şübhe bilen garalmagy durýar. Sebäbi Eýranyň urany baýlaşdyrmagy şol ýurtlar tarapyndan gizli ýadro ýaragyny öndürme tagallasy hökmünde kabul edilýär. Şol ýurtlar Eýranyň hem halkara hukuky kepillendirmelerine äsgermezçilik etmegine hem-de uly howp emele getirmegine alada bildirýär. Eýsem 1968-nji ýylda kabul edilen NPT ylalaşygyna laýyklykda Eýran bilen birlikde ähli ýurtlaryň ýadro ýaragyna eýe bolmagy gadagan edilipdi. Bu düzgün köp sanly ýurt tarapyndan, mysal üçin: Ysraýyl, Pakistan, Hindistan tarapyndan bozulan hem bolsa, Eýranyň şol topara degişli bolmagy islenmeýär.
Eýran şeýle maksadynyň ýokdugyny, hatda Welaýeti Fakyh Hamaneý onuň haramdygyny beýan eden hem bolsa, aladalar dowam edýär. Eýranyň ýadro maksatnamasyny bes etmegi ýa-da dolulygyna halkara gözegçiligine açmagy islendi, emma Eýran şol islegleri kabul etmedi we ýadro maksatnamasyny gizlinlik bilen dowam etdirdi. Eýran 1970-nji ýyllarda başlan ýadro reaktor gurluşygyny 1990-njy ýyllarda tamamlady we urany 20 göterim mukdarynda baýlaşdyrmagyň hötdesinden geldi. Beýan edilmegine görä Eýran bu etapdan soň ýadro ýaragyny öndürme ukybyna eýe bolup biler. Günbatar ýurtlary şol sebäpli Eýrana onlarça ýyldan bäri embargo goýup gelýär.
Onuň iki tarap üçin hem kynçylyk döredýändigi mälim. Dünýä güýçlenýän Eýran howpyna sezewar bolan bolsa, Eýran hem günsaýyn agyrlaşýan embargo basyşyna duçar boldy. İki tarap üçin hem kynçylykly bolan bu şertler sebäpli P5+1 ýurtlary, esasanda Barak Obama Eýran bilen ýadro meselesinde ylalaşyk gazanmak ugrundaky tagallalarynyň depginini güýçlendirdi. İlkinji başlangyçlary 2006-njy ýylda başlan gepleşik tapgyry häzirki wagta çenli netije bermedi. Bu netijesizligiň esasy sebäbi günbatar bilen Eýranyň arasyndaky ynamyň pesligi we etabyň ýygy-ýygydan Ysraýyl hem-de ýehudi lobbisi tarapyndan bökdelmegi. Sebäbi Ysraýyl we ýehudi lobbisi Eýran bilen hiç hili ylalaşygyň gazanylmagyny islemeýär we gerek bolan halatynda Eýrana harby hüjüm guralmagyny isleýär.

Barak Obama iş başyna gelenden gysga möhlet soň Eýran bilen ylalaşyk gazanmak isleýändigini beýan etdi. Şol maksada laýyklykda ilkinji aýlardan başlap Eýrany razy etmäge synanşdy. Emma Ahmedinežadyň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen aragatnaşyk saklap bilmedi. Ruhaniniň Prezidentlige saýlanmagy we has ylalaşyjy çemeleşmäge eýe bolmagy gepleşik tapgyrynyň depginini güýçlendirdi. Tapgyryň depgini şeýle güýçlendi welin, soňky bir ýylyň dowamynda resmi ylalaşyk üçin uly öňe gidişlikler edildi. 2013-nji ýylyň 24-nji noýabrynda P5+1 ýurtlary bilen Eýranyň arasynda düýpli ylalaşyk üçin iş meýilnamasy barasynda ylalaşyldy. İş meýilnamasyna laýyklykda 2015-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli esasy maddalary öz içine alýan çarçuwaly ylalaşyga gol çekişiler we ylalaşyk 1-nji iýula çenli tamamlanmaly. Ylalaşyk üçin erjellik bar hem bolsa, ylalaşygyň mazmuny barada entek anyk maglumat berilmedi.
Obamanyň we Kerriniň resmi beýanatlaryna görä esasy ylalaşygyň çäginde Eýran ýadro ýaragyna eýe bolmakdan dolulygyna ýüz öwürer, emma gözegçilik astynda parahatçylykly maksatlar üçin ýadro energiýasyny öndürip biler. Obama şol ylalaşygyň gazanylyp bilinmegi üçin Eýrana garşy goşmaça embargo goýulmaly däldigini, eger-de Kongres embargo barasynda karar kabul eden halatynda ony tassyklamajakdygyny beýan etdi.
Obamanyň ygrarlylygy garaşylşy ýaly Netanýahuny we ýehudi lobbisi herekete geçirdi. Netanýahu Obamanyň islemeýändigine garamazdan ABŞ-na sapar gurap, 3-nji martda Kongresde çykyş etdi. Obamanyň Eýran bilen asla ylalaşyga gol çekmezligini, tersine berk garşylyk görkezilmegini, hat-da mümkin bolsa Kongresiň goşmaça embargo goýmak barada karar kabul etmegini isledi.
Netanýahunyň çemeleşmesi diňe Eýran bilen ylalaşyk gazanylmagy bilen bagly däl, Amerikan hökümeti we ABŞ-nyň içeri we daşary syýasaty taýdan hem adatdan daşary ýagdaý. Obama garamazdan Wekiller Palatasynyň başlygy Bohneriň islegine laýyklykda edilen çykyş. Ýehudi lobbisiniň güýjüni we Obamanyň güýjüniň çäklerini görkezýär. Amerikan halkynyň döwletiň baş wekili hökmünde saýlanan Obama Netanýahu tarapyndan garşylyk görkezilmegi we görkezme berilmegi ABŞ-nyň özygtyýarlygyna äsgermezçilik etmeklikdir. Netanýahunyň çykyşy P5+1 toparyny emele getirýän 6 ýurduň ygtyýaryna garşy edilen göçüm. Şeýlede Netanýahunyň göçümi Ysraýylyň Ýakyn Gündogar meselesinde, ABŞ-nyň syýasy ulgamynda nähili güýçli pozisiýa eýeleýändigini görkezýär.
Beýleki tarapdan Eýranyň ýadro maksatnamasynyň ilki bilen özüni, şol bir wagtda-da sebiti nähili kynçylyklara itekleýändigini görkezýär. Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky çekeleşigiň sebitdäki beýleki ýurtlara nähili ýaramaz täsir ýetirýändigini görkezýän esasy mysal Türkiýäniň 2010-2012-nji ýyllaryň aralygyndaky daşary syýasaty. Türkiýe ýadro meselesiniň çözülmegi üçin uly tagalla edip, Tähran şertnamasyna gol çekişilmegine araçylyk edipdi, emma Eýranyň we Ysraýylyň lobbisiniň keçirligi sebäpli durmuşa geçirilip bilinmändi. Bu çykgynsyzlygyň Yrak, Siriýa we beýleki sebitleýin meselelere nähili ýaramaz täsir ýetirýändigi görülýär. Şol sebäpli sebitleýin meseleleriň çözülmegi üçin ýadro ylalaşygynyň gazanylmagy goldanmaly we ähli bökdençliklere garşy durulmaly.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar