Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 103

ABŞ ýene-de bir gezek ýurduň çar tarapynda jemgyýetçilik aksiýalaryna sezewar boldy.

153718
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 103

ABŞ ýene-de bir gezek ýurduň çar tarapynda jemgyýetçilik aksiýalaryna sezewar boldy. Missiouri ştatynyň Fergýuson etrapçasynda polis gullukçysynyň bir garaýagyzy öldürmegi bilen başlan wakalar dartgynlaşyp, ýurduň çar tarapyna ýaýrady. Ýagdaýy has-da dartgynlaşdyran sebäp bolsa ABŞ-nyň kazyýetiniň polisiň günäsizligi baradaky karary boldy. Nýu-Ýorkda we köp sanly şäherde geçirilen demonstrasiýalarda polisiň aşa güýç ulanmagy we kazyýetiň polisi goraýan karary protest edildi. Emma howpsyzlyk güýçleriniň gören ähli çärelerine garamazdan ýagdaý kadalaşmady. Dünýäde ABŞ-nyň haosa sezewar bolandygy pikiri emele geldi.
ABŞ-daky wakalar Türkiýäniň halk köpçüliginiň ünsünden sypmady. Onuň sebäplerinden biri ABŞ-nyň Türkiýäniň hyzmatdaşy bolmagy bolup biler. Emma esasan şuňa meňzeş haosyň 2013-nji ýylda Stambuldaky “Gezi Parky” wakalarynda başdan geçirilmegi sebäplidi. “Gezi Parky” wakalary hem bir ýerde başlapdy, emma soň Ankara we beýleki şäherlere ýaýrapdy. “Gezi Parky” wakalary esasanda günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde diýseň ululdylyp, hamala diýersiňiz Türkiýäni od alan ýaly sýužetler berilipdi. Şolaryň arasynda Amerikan teleýaýlymlary hem bardy. Şol ýaýlymlar metbugat azatlygy hökmünde görülen hem bolsa, wakalaryň ulaldylyp görkezilmegi we Türkiýäni od alýan ýaly görkezilmegi nädogrydy. Şol sebäpli Türkiýede Amerikan we günbatar mediasyna garşy reaksiýa güýçlenipdi.
Şeýle wakalarda medianyň çemeleşmesi bir gapdala goýulyp, wakalaryň hakyky sebäbine dogry düşünmek ýerlikli bolar. Eýsem ABŞ-daky wakalar diňe ABŞ-nyň diňe özüni däl, dünýäniň köp sanly ýurduny gyzyklandyrýar. Onuň sebäbi Türkiýe ýaly ýurtlaryň ABŞ bilen ýakyn gatnaşyk we hyzmatdaşlyk etmegi hem-de ABŞ sebäpli haýsydyr bir meseläniň beýleki ýurtlara ykdysady we maliýe meselesi görnüşinde täsir ýetirme howpuna eýe bolmagy. Olaryň üssesine birem ABŞ-nyň uly güýç hökmünde bütin dünýä hukuki azatlyklar, adam hukuklary ýaly gymmatlyklary ýaýbaňlandyrmaga synanşmagyny we şol gymmatlyklary berjaý etmeýän ýurtlara basyş etmegini hem goşmak ýerlikli bolar. Şol sebäpli ABŞ-nyň şol gymmatlyklary öz içinde näderejede berjaý edýändigi elmydama üns merkezinde. Eýsem Fergýuson ýaly wakalar sebäpli beýleki ýurtlaryň ABŞ-na basyş etjek ýa-da jeza berjek güýji bolmasa hem ABŞ-nyň abraýyny we ygtybaryny ýitirmegi mümkin.
Türkiýä garalanda ABŞ-daky wakalar ABŞ-nyň içerki durnuklylygy ýaly ähliumumy gymmatlyklaryň berjaý edilmegi taýdan-da aladalandyryjy. Şol aladany 4 ugurda seljermek mümkin. Birinjisi: Fergýuson wakalary Amerikan polisiniň asuda ilata garşy aşa güýç ulanýandygyny we şonuň netijesinde adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny basgylaýandygyny görkezýär. Amerikan teleýaýlymlarynda ýygy-ýygydan görülýän sýužetlerde polisleriň potesial jenaýatçy hem bolsa käbir adamlary jenaýat işine çekmän jezalandyrýandygy görülýär. Elbetde polisiň hüjümçi jenaýatçydan özüni goramaga hukugy we ygtyýary bar. Emma onuň çäkleri bolmaly we asla deňagarmlylyk ýörelgesini bozmaly däl.
İkinjisi: polisiň aşa güýç ulanyp asuda ilaty öldüren halatynda Amerikan kazyýetleriniň kabul eden kararlary bilen bagly. Soňky wakalarda-da aç-açan görülşi ýaly kazyýetler umuman polisiň hereketlerini günäsiz diýip kesgitleýärler. Bu kazyýet-polis hyzmatdaşlygy hökmünde kabul edilýär, hat-da döwlet organlarynyň asuda ilata garşy nähak çemeleşmesi hökmünde görülýär. Bu netije döwletiň iň başlangyç ýörelgesi bolan adalat güýjüniň ejizlemegi manysyny aňladýar.
Üçünjisi: Fergýuson we şuňa meňzeş wakalar bilen bagly has möhüm husus wakalaryň çuňlugy bilen bagly. Ýagny bu mesele konýenktural we wagtlaýyn wakamy, ýogsam konstruktiw meselemi? Aslyna ikisi hem bolup biler. İlki bilen şeýle wakalaryň aktual ykdysady sebäbi bar. ABŞ-da soňky ýyllarda başdan geçirilen çuňňur ykdysady çökgünlik ýurtdaky ýoksullara has agyr zyýan ýetirip, jenaýat işleme potensialyny artdyrdy. ABŞ-nyň adaty girdeji adalatsyzlygy meselesi soňky döwürdäki ykdysady çökgünlikde çuňlaşýar. Beýleki bir mesele bolsa günsaýyn agyrlaşýan bosgunlar meselesi. ABŞ-nyň köp medeniýetli we köp etniki gurluşyna garamazdan legal däl ýa-da mejbury bosgunlar ýurtdaky jemgyýetçilik-ykdysady gurluşy biynjalyk edýär. Amerikan hökümetiniň şol mesele bilen bagly kabul eden soňky karary meseläni çözmän, diňe yza süýşürdi.
Dördünjisi: meseläniň iň agyr sebäbi jemgyýetde ornaşan rasizm meselesi. ABŞ-da kanuny taýdan rasizm ýok edilen hem bolsa, jemgyýetçilik psihikada henizem bardygy bilinýär. Düýpli rasizm meselesi polis-raýat gatnaşyklarynda-da dürli görnüşlerde ýygy-ýygydan ýüze çykýar ýa-da azyndan şeýle düşünje bar. ABŞ-nyň esasy guramalary bolan polisiň we hukugyň raýatlara reňkine görä çemeleşýändigi düşünjesi ýaýbaňlaşýar. Muňa köp sanly mysallar bermek mümkin. Şolardan diňe biri 2009-njy ýylyň 23-nji iýulynda Garward uniwersitetiniň garaýagyz professory Henri Luis Gatesiň öýüne girjek mahaly akýagyz polis tarapyndan tussag edilmegi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar