Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 99

Awstraliýada G-20-ä girýän ýurtlaryń liderleriniń maslahaty geçirildi

200980
Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 99


2014-nji ýylyń noýabr aýynyń 15-16-sy aralygynda Awstraliýada G-20-ä girýän ýurtlaryń liderleriniń maslahaty geçirildi. G-20 dünýä ykdysadyýetindäki iń güýçli 20 ýurt bilen ÝB-ne agza ýurtlardan emele gelýär. Dörediliş sebäbi 2008-nji ýylda başlan maliýe we ykdysady çökgünlige çözgüt tapmak maksady bilen şol ýurtlaryń umumy syýasat alyp barmagyny üpjün etmekden ybarat. Şeýlelikde dünýä ykdysdyýetiniń çökgünlikden çykmagyna we durnukly ösüş ýollaryny tapmaga synanyşmakdyr. Şu günki güne çenli geçiren maslahatynyń azyndan maliýe çökgünliginden çykylmagyna ýardam berendigi aýdylýan hem bolsa, dünýäniń ykdysady meseleleriniń dolulygyna çözgüt tapandygyny aýdyp bilmeris. Şol sebäpli G-20-niń şu ýylky maslahatynda global ykdysadyýetiń ösüşi, salgytlandyryş meseleleriniń çözülmegi ýaly meselelere garaldy. Emma G-20 hiç haçan dińe maliýe we ykdysady meseleler bilen çäkli galmady. Ýyllyk mejlislerde gün tertibindäki halkara syýasy we howpsyzlyk meseleleri hem ara alynyp maslahatlaşylýar. Şol diskussiýalaryń merkezinde umuman ABŞ, Russiýa, Hytaý, Ýewropa ýurtlary durýar.


Aslyna seredilende ykdysady, syýasy we howpsyzlyk meselelerinde gün tertibini BMG-da weto hukugyna eýe 5 ýurt ýa-da G-8-e agza ýurtlar kesgitleýär. Dünýä ykdysadyýetiniń we syýasatynyń baş aktýorlary entegem şol ýurtlar. Emma baş aktýorlar dünýäniń ykdysadyýetini we syýasatyny BMG-niń ýa-da G-8-iń çäginde çözüp biljek mümkinçilige eýe däl. İndi dünýä ykdysadyýetiniń, syýasatynyń we howpsyzlygynyń emele gelmeginde sońky on ýylda öńe saýlanan beýleki käbir döwletler rol oýnaýar. Şolaryń hatarynda Türkiýe, Braziliýa, İndoneziýa, Saud Arabystany, Hindistan ýaly sebitleýin hem-de global güýje eýe bolan ýurtlar güýçli pozisiýa eýe. Her biri öz sebitinde ykdysady we syýasy taýdan täsirli bolan şol ýurtlar G-20-niń düzümine girýärler.
Türkiýäniń G-20-ä agza bolmagynyń sebäbi dünýäniń ykdysady taýdan ösen 16-njy ýurdy bolmagy we sebitindäki syýasy, howpsyzlyk, harby ugurlarda işjeń pozisiýa eýe bolmagy. Ykdysady taýdan Türkiýe global maliýe we ykdysady çökgünlikden agyr ýitgi çekmän çykdy. Prezident Erdoganyń şol wagtlar aýdyşy ýaly, global ykdysady çökgünlik Türkiýä degmän geçdi. Türkiýäniń ykdysady ösüşi, maliýe durnuklylygy, iş üpjünçiligi, daşary söwdasy we iń esasysy ynamdarlygy şol tapgyrda zyýan çekmedi. Şol sebäpli hem Türkiýäniń eýe bolan depgini beýleki ýurtlara nusga görkezildi.


Beýleki tarapdan Türkiýe sebitindäki syýasy we howpsyzlyk meseleleriń çözülmeginde güýçli pozisiýa eýeledi. Şol çäkde 2009-2011-nji ýyllarda BMG-nyń Howpsyzlyk Geńeşiniń wagtlaýyn agzalygyna saýlandy, soń 2011-nji ýyldan başlap Arap bahary etabynda nusgawy ýurt hökmünde pozisiýa eýeledi. Umuman alnanda Türkiýe şol döwürde sebitleýin meseleleriń çözülmeginde we demokratik başlangyçlarda rol oýnap, dünýäniń howpsyzlygyna goşant goşdy. Türkiýe şonuń netijesinde G-20-niń düzüminde we ondan özbaşdak görnüşde üns merkezine öwrüldi.
G-20-niń maslahatynyń şu ýylky gün tertibinde ykdysady ugurlar bilen birlikde sebitleýin syýasy meseleler hem bardy. Şolaryń birinjisi Russiýanyń Ukraina degişli ýerleri basyp almagy, beýlekileri bolsa Türkiýäniń ABŞ we beýleki ýurtlary Siriýa meselesinde öz tezislerini düşündirmek ugrundaky tagallasydyr. Aslyna seredilende ikisi hem Türkiýäni ýakyndan gyzyklandyrýan şol meseleleriń merkezinde Russiýa durýar. Russiýa dińe bir Ukrainany basyp alan ýurt däl, iń esasysy Siriýada Başar Asady goldaýan esasy güýç. Russiýa iki meselelede-de Hytaýyń goldawyny alyp, BMG-nyń Howpsyzlyk Geneşini çykgynsyzlaşdyrdy, harby hem-de syýasy güýjünden peýdalanyp, sebitdäki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etdi. Russiýanyń Ukraina we Siriýa syýasaty günbatar ýurtlary bilen birlilkde Türkiýäniń öńünde bökdençlikler döredýär, ol henizem şeýle bolmagynda galýar.


Şol jähtden garalanda G-20-ä agza ýurtlaryń maslahatynda umytlandyryjy netijeleriń alynandygy görülýär. İlki bilen ABŞ, Britaniýanyń we Kanadanyń liderleriniń Russiýany tankyt etmekleri ünsleri çekdi. Maslahatyń dowamynda Russiýa agyr çäklendirmeleriń goýulmagy gün tertibine geldi. Beýleki tarapdan Premýer ministr Ahmet Dawutogly Prezident Obama we Premýer ministr Kameron bilen geçiren duşuşyklarynda YSYS bilen birlikde Asada garşy hem hyzmatdaşlyk edilmegini isledi. Metbugatda-da beýan tapan habarlara görä Obama we Kameron Asad hökümet başyndan gitmän halatynda YSYS garşy göreşiń netijeli bolmajakdygyny beýan etdiler. Şol beýanatlar Türkiýäniń Siriýa syýasatynyń Obama tarapyndan goldanmaga başlangy görnüşinde analiz edildi. Ýagny Obamanyń Asada garşy operasiýa guramagy piki edýändigi ýa-da Asady çykgynsyz ýagdaýa düşürmek üçin Siriýada uçuşa gadagan we howpsyz zolagyń dörediljekdigi görnüşinde analiz edildi.
Şol beýanat Obama tarapyndan tassyklanmadyk hem bolsa G-20-niń gün tertibiniń Russiýa täsir ýetirendigi görüldi. Russiýanyń Prezidenti Putiniń maslahatdan ir gitmegi we ýadygärlik surat aldyrmaga gatnaşmazlygy şol täsiriń netijesi hökmünde görüldi. Elbetde G-20-däki Ukraina we Siriýa meselesi boýunça edilen çykyşlaryń uzak möhletde Russiýa nähili täsir ýetirjekdigini wagt görkezer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar