Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 91

“Çözgüt etabynyń” maksady

140764
Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 91


Mundan iki ýyla golaý ozal başlan “çözgüt etaby” häzirki wagtda üstünlikli dowam edýär. Bu etabyń başlangyç maksady 30 ýyldan bäri dowam edýän PKK terroryny ortadan aýyrmak we ýurtda demokratiýany hem-de jebisligi berçinleşdirmekden ybarat. Bu maksat geçen iki ýylyń dowamynda bölekleýin hem bolsa amala aşdy. Sebäbi iki ýyldan bäri terrorçylykly aksiýa bolmaýar, adamlar şol sebäpli ölmeýär. Bu netije ýurduń çar tarapynda rahatlyk we şatlyk emele getirdi. Esasanda esgerleriń hossarlary, şehit jynazalarynyń indi görülmeýändigi üçin diýse hoşal.
“Çözgüt etabynyń” maksady dińe bir terroryń ortadan aýrylmagy däl, şol bir wagtda-da terror guramasy PKK-nyń ýarag taşlamagy, Türkiýäni terk etmegi we netijede terror guramasy PKK-nyń dargamagydyr. Şol çäkde az hembolsa öńegidişlik edildi, etap dowam edýär. Çünki terrorçylar ýurdy dolulygyna terk etmedi, terror guramasy PKK entek dargamady. Emma bu meseleler “çözgüt etabynyń” gutarandygy manysyny ańlatmaýar. Türkiýäniń Mejlisi şol maksada laýyklykda möhüm çarçuwaly kanun kabul etdi. Şeýlelikde “Çözgüt etaby” hökümetiń tagallalaryndan has ańyry geçip, döwletiń resmi ýa-da kanuny syýasatyna öwrüldi. Beýleki tarapdan Halklaryń demokratik partiýasy bilen İmralyda tussaglykda saklanýan terror guramasynyń ýolbaşçysy Öjalanyń arasyndaky gönüden gepleşikler dowam edýär. Etap şeýle agyr dowam edýärkä, geçen hepde terror gramasy YDYD-niń Siriýada guran hüjümleri we onuń netijeleri etabyń geljegine howp saldy.

YDYD guramasynyń Siriýadaky we Yrakdaky hüjümleri sońunda Siriýanyń Kobani we Ražowa etraplaryna çenli gelip ýetdi. Etrapdaky 20-den gowrak kürt obasynyń YDYD guramasy tarapyndan basylyp alynmagy netijesinde ýerli halk Türkiýäniń serhedine tarap göçmäge mejbur boldy. San şeýle köpeldi welin, Türkiýe serhetlerini açyp, ejir çeken yrakly kürtleriń we beýleki adamlaryń howpsyzlygynyń üpjün edilmegi üçin görkezme berdi. Sany 130 müńden geçen bosgunlaryń bir bölegi sebitdäki garyndaşlarynyň ýanyna ýerleşdi, beýlekileri bolsa hökümetiń döreden ýerlerine ýerleşdirildi. Bu syýasat Türkiýäniń çykgynsyz ýagdaýa düşen adamlara we hususanda kürtlere berýän ähmiýetini görkezýär. Türkiýäniń çemeleşmesi ýurtdaky kürt raýatlary tarapyndan goldandy, Halklaryń demokratik partiýasynyń ýolbaşçylary hökümetiń merhemetli syýasatyna minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Emma beýleki tarapdan terror guramasy PKK-dan we partiýanyń egindeş ýolbaşçysy Demirtaşdan bu ońyn waka barasynda garşy beýanat berildi. PKK we Demirtaş Siriýada YDYD guramasyna garşy söweşmekleri üçin kürt ýaşlaryndan ybarat bolan güýjüń döredilmegini teklip etdi. Ońa Türkiýeden gatnaşygyń bolmagy islendi. Şuńa meńzeş beýanat Yragyń Kürt Awtanomiýasynyń başlygy Barzani tarapyndan hem berildi. Barzani hem yrakly kürtleri YDYD guramasyna garşy söweşmegä hem-de halkara jemgyýetçiligini Ražowadaky kürtleriń goralmagy üçin çäre görmäge çagyrdy.


Bu beýanatlar eger durmuşa geçirilen halatynda YDYD guramasyna garşy göreş üçin göçüm edilip bilner. YDYD guramasyna garşy göreş taýdan bu başlangyç şol bir wagtda uly howplary ýany bilen alyp geler. Bu howp YDYD guramasyna garşy kürt göreşi, “çözgüt etabyny” durmuşa geçirýänleriń arasyny açjak wakalaryń ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Ol hem bu etaba zarba urup biler. Şol howpyń iki tarapy bar. Birinjisi terror guramasy PKK tarapyndan gönükdirilen ýaşlaryń YDYD guramasyna garşy söweşmegi olaryń ýaraglanmagy ýa-da dyman ýaraglaryń ýańadandan ulanylmaga başlanmagyna, “çözgüt etabynyń” esasy maksatlaryndan biri bolan guramanyń ýaragsyzlanmagyna zarba urar. Howpyń ikinji tarapy bolsa: PKK-a degişli terrorçylaryń YDYD guramasyna garşy söweşmegi YDYD guramasyna garşy göreş taýdan peýdaly bolmak bilen birlikde Türkiýäniń guryýer urşuna goşulmazlyk maksadyna zyýan ýetirer. Türkiýe NATO agza ýurtlarynyń öńbaşçylygyndaky YDYD guramasyna garşy göreşe prinsipde goldaw berýär. Emma harby operasiýalara gatnaşmak islemeýär. İne şol sebäpden bu, Türkiýäniń syýasatyna laýyk gelmeýär.


Bularyń “çözgüt etabyna” abandyrýan howplaryndan biri hem esasy dialogy we utgaşygy öz içine alýan etabyń ýerine ýaragly çaknyşyk etabynyń ýańadandan başlama ähtimallygy. “Çözüt etabynyń” esasy pelsepesi; ýaraglaryń dymmagy, nilleriń ýere gömülmegi we meseleleriń ykdysady, sosial we syýasy usullardan çözülmegini ýola goýmak. Türkiýäniń mejlisi tarapyndan kabul edilen Çarçuwaly kanun şol çäkde möhüm başlangyçlardan biri. İndi garaşylýan şol kanunyń durmuşa geçirilmegi we bar bolan meseleleriń çözülmegi. Şol çäkde iń esasy maksat bolsa dagdaky PKK degişli terrorçylaryń ýaraglaryny taşlap maşgalalarynyń arasyna dolanyp gelmegini ýola goýmak. Eger terror guramasy PKK-nyń agzalary YDYD guramasyna garşy söweşmäge başlan halatynda, şol maksada ýetme ähtimallygy azalar. Terror guramasy PKK bilen YDYD guramasynyń Siriýa we Yrak söweşinde söweşmegi Türkiýäniń howpsyzlygyna-da ýaramaz täsir ýetirer.


Eýsem şol howplaryń öńüni almak üçin näme etmeli? Onuń ýeke-täk ýoly taraplaryń biri-birinden garaşsyz hereket etmekden ýüz öwürip, bilelikde göreşmegi. Yrakly kürt toparlarynyń öz adyndan karar bermekden çetde durmagy we hökümetiń YDYD guramasyna garşy göreş syýasatyna goldaw bermegi. Türkiýäniń öńbaşçylyk etmeginde alynyp baryljak göreş strategiýasy, “Çözgüt etabynyń” hem pelsepesine hem-de durmuşa geçirilmegine laýyk gelýän çemeleşme. Bilelikdäki tagallalar “çözgüt etabynyń has-da netijeli bolmagyna goşant goşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar