Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 85

Geçen hepde Türkiýäniň içeri we daşary syýasatyny gyzyklandyrýan iňňän möhüm iki waka başdan geçirildi

91052
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 85


Geçen hepde Türkiýäniň içeri we daşary syýasatyny gyzyklandyrýan iňňän möhüm iki waka başdan geçirildi. Şolaryň birinjisi 10-njy awgustda geçirilen Prezident saýlawlarynda Premýer ministr R.T.Erdoganyň kabul edilen sesleriň 51,8 göterimini alyp, birinji tapgyrda üstün çykmagy. Şeýlelikde Erdogan 2002-nji ýyldan bäri gatnaşan 9-njy saýlaw bäsleşiginde-de üstünlyk gazandy. Beýleki dalaşgärden Respublikan halkpartiýasynyň, Milletçi hereket partiýasynyň we 12 syýasy partiýanyň dalaşgäri Ekmeleddin İhsanogly 38,4, Halklaryň demokratik partiýasynyň dalaşgäri Selahattin Demirtaş bolsa 9,8 göterim ses aldylar.
Bu netijeler partiýanyň tarapdarlaryna esaslanýan hem bolsa, özeni taýdan dalaşgärlerin güýjüni görkezýär. İne şol jähtden garalanda Adalat we ösüş partiýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Erdoganyň 12 ýyllyk syýasy göreşi we üstünligi iň ýokary çäge ýetdi. İndi gün tertibindäki sorag, Erdogan prezident bolandan son Türkiýäniň syýasatynyň ugry haýsy tarapa gönüger? Ýagny Premýer ministr we partiýanyň başlygy kim bolar? Oppozision partiýalar bu netijeden soň nähili çemeleşerler? Esasanda JHP we MHP bu saýlawdan nähili sapak çykarar. Şeýlede saýlawda ses mukdaryny iki esse ýokarlandyran kürt hereketi we onuň lideri mundan soň nähili strategiýa alyp bararka? Demirtaş kürt etnikçilik syýasatyna dolanyp bararmyka, ýogsam saýlawda alyp baran bütin Türkiýede bitewileşdiriji çepçi syýasatyny dowam etdirermikä? Gysgaça aýdylanda 11-nji awgustdan başlap Türkiýäniň syýasaty has hereketli we tolgundyryjy döwre gadam basdy.
Diňe bir türk içeri syýasaty däl, eýsem daşary syýasaty hem täsin döwre gadam basana meňzeýär. Bu taýdaky mesele resmi Waşingtonyň Yrakda Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasynyň başbozarlaryna birnäçe harby operasiýa guramagy. Operasiýa hem Obamanyň daşary syýasaty taýdan hem sebit hem-de Türkiýä taýdan möhüm. Bu operasiýa bilen Obamanyň Doktrinasynyň bozulandygy beýan edilýän bolsa, Türkiýe taýdan YDYD guramasynyň zamun alan 49 raýatyny halas etme umydynyň döremegi. Has giňişleýin seredilende operasiýa Yragyň we Siriýanyň geljegi taýdan möhüm netijeleri ýüze çykardy. İlki bilen Obama YDYD guramasyna guralan operasiýanyň Yrakda syýasy jebislik ýola goýulýança dowam etjekdigini beýan etdi. Bu beýanat Yragyň üçe bölünjekdigi baradaky myş-myşlara jogap aýratynlygynda. Beýleki tarapdan operasiýa ABŞ-nyň sebitdäki isleglerini doly görkezdi. Obama bu operasiýa bilen ABŞ-nyň kürtleri goramak meselesindäki erjelligini görkezýän bolsa, ýezidileriň gyrgynçylyk howpyna garşy goralmagy boýunça adam hukuklaryna berýän ähmiýetini görkezdi.
Obamanyň meselä berýän ähmiýeti nähili gowy hem bolsa durnukly we birsydyrgyn däldigi sebäpli tanky edilip bilner. Sebäbi resmi Waşington Ysraýylyň güýçleriniň Gazada müňlerçe adamy wagşylarça gyrmagyna ýa-da ýaralamagyna garşy hiç hili reaksiýa görkezmedi. Edil şonuň ýaly-da Obamanyň bu ünslüligi Siriýada asuda ilatyň öldürilmegine we hat-da himiki ýaraglaryň ulanylmagyna garşy hem görkezmändigi ýatdan çykarylmaly däl.

Jemläp aýdanymyzda geljekki döwürde Erdoganyň liderliginde syýasy tapgyryň ýüze çykjakdygyny aýdyp bileris. Emma bu etabyň nähili özboluşlygynyň boljadygy heniz näbelli bolmagynda galýar. Azyndan bu barasynda diskussiýalar bar. Esasanda “Prezidenti” Erdogan, “Premýer ministr” Erdogandan nädereje tapawutly liderlik ederkä? Erdoganyň liderligi barasynda iki teoriýa bar: 1. Erdogan mylaýym prezident bolar. Prezident dolanşygyny isleýändigine garamazdan Erdogan ony diňe konstitutsiýa we syýasy deňagramlyklara görä durmuşa geçirmäge synanşar. Onuň ýoly diňe bar bolan konstitutsiýanyň üýtgedilmegi bilen mümkin bolar. Gysgaça aýdylanda Erdogan içeri we daşary syýasatda milli we halkara deňagramlyklara laýyklykda hereket eder.
2-nji teoriýa görä Erdogan berk ýa-da awtoritar prezident bolar. Şoňa laýyklykda Erdogan prezidentlik wezipesinde bar bolan ygtyýarlar bilen çäklenmek islemez. Konstitutsiýadan we kanunlardan alýan ýa-da almaýan ygtyýarlaryny, seslere we syýasy güýjüne esaslanyp peýdalanmak islär. Erdogan şol maksada laýyklykda hökümeti, premýer ministri, ministrleri ýa-da ähli döwlet organlaryny öz awtoritaryna laýyklykda gönükdirer. Edil şonuň ýaly-da türk daşary syýasatynda bir adam ýaly hereket edip, Türkiýäniň halkara pozisiýasyny güýçlendirmäge synanşar. Onuň ýurtda we sebitde aşa reaksiýalara we çökgünliklere sebäp boljakdygy äşgärdir.
Erdoganyň şu iki teoriýadan haýsyna görä hereket etjekdigini öňünden aýtmak kyn. Emma Erdogan saýlawyň netijesi belli bolandan soň eden “balkon” çykyşynda birinji teoriýa gabat gelýän güýçli alamatlary görkezdi. Erdogan geçmişi bir gyra goýup, bütin halkyň doganlarça ýaşamagy üçin elinden geleni etjekdigini aýtdy. Partiýalaryň arasyndaky zyýanly çekeleşikleri ortadan aýyryp, hyzmatdaşlyk edilmelidigini nygtady. Hemmeleriň ylalaşykly ýagdaýda Türkiýäniň ykdysady hem-de syýasy güýjüne güýç goşmaga synanşjakdygyny aýtdy. Bir söz bilen aýdylanda Erdogan diktatorlyk, bir adamlyk, durnuksyzlyk döretjekdigi baradaky garaýyşlary ret edip, jemgyýetiň ähli gatlaklaryna oňyn ýüzlenmeler berdi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar