Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 83

Yslamyń we musulmançylygyń bütin dünýädäki imeji yslam dünýäsiniń iń esasy meselelerinden biri.

391723
Türkiýäniń we dünýäniń gün tertibi 83

Yslamyń we musulmançylygyń bütin dünýädäki imeji yslam dünýäsiniń iń esasy meselelerinden biri. Yslamdan daşgary dünýäde yslam dini we musulmanlar barasynda ońyn garaýyşlaryń bar bolşy ýaly, gynansagam ýaramaz garaýyşlar hem bar. Günbatar ýurtlarynda yslam dininiń we musulmanlaryń parahatçylyk we ýardam söýerlik gymmatlyklaryna eýe bolandygyny pikir edýänler bilen birlikde gynansagam terrorçy ýa-da erbetdigini pikirlenýänler hem bar. Şol garaýyşlaryń birinjisi dogry we hakykat, beýlekisi bolsa düýbünden ýalńyş we hakykaty beýan etmeýär.
Eýsem yslam dini; parahatçylyk, doganlk, arkalaşyk, myhman söýerlik, hemaýat ýaly gymmatlyklara eýedir we musulmanlaryń şol gymmatlyklara laýyk hereket etmegini isleýär. Onuń iń anyk mysallarynyń başynda musulmanlaryń geçen aý başdan geçiren Oraz aýy gelýär. Musulmanlar şol aýyń dowamynda dińe bir agyz beklemediler, şol bir wagtda sosial arkalaşygyń, ykdysady arkalaşygyń we paýlaşmagyń görelde alarlyk nusgalaryny görkezdiler. Yslam düşünjesi beýleki adamlara hemaýat etmegi, mähirli çemeleşmegi, olaryń dertlerine derman bolmaga synanşmagy, kynçylygyny ýeńledip gowy ýaşatmagy ündeýär. Şol maksada laýyklykda baýlaryń garyplara sadaka, zekat, pitre ýaly ykdysady kömekler etmegini buýurýar. Edil şonuń ýaly-da kynçylyk çekýän we zulum astyndaky adamlaryń janlarynyń, emläginiń goralmagy üçin çäreleriń görülmegini maslahat berýär. Howpsyzlygyzy üpjün etmek diýilýän ulgama laýyklykda yslam taryhynda we şu günki günde ýoksullara we ejizlere hemaýat edýän ýörite merkezler döredilipdir.

Ýene-de ençeme mysallary bolan yslamy gymmatlyklar gynansagam döwrümizde ünsden düşürilýär. Käbir musulman ýurtlarynda şol gymmatlyklara ähmiýet bermeýän musulmanlar we guramalar emele geldi. Yslam dünýäsiniń iń esasy meseleleriniń başynda ine şol adamlaryń we guramalaryń ýalńyş çemeleşmeleri gelýär. Mysal üçin Boko Haram, Al Kaýda, Yrak-Damask Yslam Döwleti ýaly guramalaryń aksiýalary abraýyń pese gaçmagyna sebäp bolýar. Şol guramalar yslamyń ýaragly aksiýalar we gyrgynçylyklar bilen goralyp bilinjekdigini ýa-da ýaýbańlaşdyryljakdygyny öńe sürýärler. Boko Haramyń musulman gyzlaryny bilim almagynyń gadagandygy düşünjesi bilen zamun almagy, Al kaýdanyń kapyrlary we olaryń ýaranlaryny jezalandyrmak pikiri bilen bigünä adamlary gyrmagy, YDYD ýaly guramalaryń messepçilik sebäpli musulmanlary kellesinden atyp öldürmegi we ýene-de ençeme mysal musulman alymlarynyń biragyzdan ret edýän işleri. Şu mysallar yslamyń başlangyç gymmatlyklary bilen gabat gelmeýşi ýaly musulmanlygy terror ýarlygyny asýar. Bu mysallar yslam dünýäsine hiç hili bähbit getirmeýär, tersine ýaramaz pikirleriń ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Bütin dünýäde musulmanlyga garşy pikirleriń ýüze çykmagyna itergi berýär we yslamyń düşünilmegine, kabul edilmegine uly zarba urýar.
Şeýle zyýanly we musulmanyń abraýyna zeper ýetirýän şol guramalar nireden döreýär? Şol guramalar yslama düşünmeýärmi, ýa-da başgaça analiz edýärmi? Şol bir wagtda ýaramaz yslam imejiniń emele gelmegine täsir ýetirýän faktorlar şular:
1. Şol guramalar gündelik meseleleriń dińe radikalizm we güýç bilen çözülip bilinjekdigini pikir edýär. Taryhda harijitler atlandyrylan fanatik düşünjä laýyklykda gurhany we hadyslary edebi taýdan okap, iş ýüzüne geçirmäge synanşýar. Yslamyń we onuń buýruklarynyń dińe analiz edilip durmuşa geçirilip bilinjekdigini kabul etmeýärler. İne şonuń içinem gurhanda beýan edilýän “kapyrlary gören ýerińizde öldüriń” ýaly buýruklary, buýrugyń kontekstine we döwrüń konýenkturasyna üns bermezden durmuşa geçirmäge synanşýar. Döwrebap harijitlik atlandyrylyp bilnjek şol düşünje ýaragly we güýje esaslanýan göreşi gudratly çözgüt hökmünde kabul edýär.
2. Döwrümizdäki milli we halkara ulgamyndaky ýaramaz wakalar şol hereketleri ugrukdyrýar. Esasanda musulman jemgyýetleriniń duçar bolýan kynçylyklary, basybalyşlyklar, basyşlar we yzy üzülmeýän çökgünlikler şol guramalara güýçli sebäpler döredýär. ABŞ-nyń Yragy we Owganystany basyp almagy, Ysraýylyń Palestina degişli ýerleri basyp almagy we edýän gyrgynçylygynyń yzynyń üzülmezligi çaknyşyga esaslanýan pikirlere ylham berip gelýär.
3. Şol guramalar günbataryń media organlarynyń serişdesine öwrüldiler. Yslama we musulmanlara ýalńyş çemeleşýän media organlary şeýle guramalary käte çenden aşa ulaldyp görkezýärler. Ol hem bir tarapdan yslamyń abraýyny gaçyrýan bolsa beýleki tarapdan şeýle hereketleri reklama edip, güýçlenmegine goşant goşýar. Günbataryń ýa-da daşgary mediada seslenme tapan guramalar güýç ulanýandyklary sebäpli güýçlenýändikleri pikiri bilen hereket etmegi saýlap alýarlar.
Yslamyń özenini emele getirýän beýleki adamlara hemaýat etmegi, mähirli çemeleşmegi, olaryń dertlerine derman bolmaga synanşmagy, kynçylygyny ýeńledip gowy ýaşatmagy ündeýän gymmatlyklara hiç hili ýa-da diýseń az orun berilýän bolsa, terror guramalarynyń ileri tutulmagy erbet niýetli manipulýasiýadan başga zat däl. Şeýlelikde yslamyń abraýyny pese gaçmagy dińe şeýle musulanlaryń däl, şol bir wagtda-da ýalńyş pikirli günbatarly gatlaklaryń meselesidir. Günbatar ýurtlarynyń we mediasynyń musulman ýurtlarynyń meselelerini görmediksiremekleri ýa-da meçew bermegi şeýle hereketleriń gözbaşyny emele getirýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar