Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 79

Türkiýede we beýleki musulman ýurtlarynda Oraz aýy başlady

118808
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 79


Türkiýede we beýleki musulman ýurtlarynda Oraz aýy başlady. Oraza ybadatyny berjaý etmek isleýän musulmanlar bir aýyň dowamynda mukaddes atmosferany başda geçirerler. Emma oraza diňe bir günüň dogan wagtyndan batýan wagtyna çenli agyz beklemek bilen çäkli däl. Şonuň bilen birlikde musulmanlar wagt tapdygyndan gurhan okarlar we hatym ederler, namaz okarlar, zekat we sadaka bererler, goh-galmagaldan, erbet sözden daş durarlar, haýyr-sahawat işleri bilen meşgul bolarlar. Şeýlelikde Remezan atmosferasy depginli dini ybadatlar bilen birlikde ykdysady, sosiologik, psihiki taraplara-da eýedir. Şeýle giň gün tertibi bolan Oraz aýynyň adamlar, jemgyýet, durmuş we hat-da dünýä ulgamyna çynlakaý täsirleri bar. İň azyndan teoriki taýdan Oraz aýynyň şeýle pelsepesinin bardygyny aýdyp bileris.
Remezan atmosferasy ilki bilen ýeke-ýekeden adamlaryň ruhy we material taýdan kämilleşmegine pursat döredýär. Agzy bekli musulman bir aýyň dowamynda we şu tomusyň yssysynda 17-18 sagada golaý aç we suwsyz galýar, tas ähli zowky-sapadan, islegdir arzuwlaryndan çetde durýar. Dolulygyna erkin ygtyýara bagly bolan bu ybadat, adama möhüm özboluşlyklar gazandyrýar. Sabyr etmekligi öwrenýär, dogruçyl ýa-da gowy adam bolmaga synanşýar, azygyň we iýmitiň gadryna göz ýetirýär, islegdir arzuwlaryň gözegçilik edilip bilinýändigine düşüner we şol ähli tejribeler adamyň kämilleşmegine goşant goşýar. Kynçylyklaryň öňünde durup bilmegi öwrenýär. Şeýlelikde adam ogly özi bilen biribaryň arasyndaky gatnaşygy hasam güýçlendirýär. Şol çäkde esasy serişdelerden biri hem yzgiderli gurhan okamaklykdyr. Gurhan Oraz aýyndaky gadyr gijesinde Hezreti Muhammet arkaly ýer ýüzüne inderilmäge başlanýar. İne şol sebäpli Oraz aýy gurhan aýy diýmek ýalňyş bolmasa gerek. 1500 ýyldan bäri dowam edýän hatym däbi gurhana has gowy düşünmek üçin pursatdyr.
Oraz aýynda edilen işlerin möhüm sosial-ykdysady täsiri hem-de netijeleri bar. Oraza, zekat, sadaka ýaly ybadatlar jemgyýetçilik arkalaşygyny güýçlendirýär. Adamlaryň biri-birine bolan mähirliligi, sylag hormaty güýçlenýär. Beýleki tarapdan hem parz we beýleki namazlar hem-de köpçülikleýin okalýan gurhan adamlaryň arasyndaky dialogy berkidýär. Olara birem bilelikdäki agzaçarlary we selälikleri goşup bileris. Bularyň ählisinin etrapçada, obada, şäherde, ýurtda we sebitleriň arasynda sosial, ykdysady we psihiki ösüşe goşant goşýandygyny aýtmak mümkin. Oraza atmosferasynyň şeýle netijeleri we täsirleri ýüze çykarmagy elbetde düşnükli hem-de begendiriji ýagdaý.
Emma gynansagam şeýle täsirler we netijeler musulman ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar görünmeýär. Eýsem Oraz aýynyň dowam edýän günlerinde-de musulman ýurtlaryndan käbirlerinde başdan geçirilýän dartgynlyklar dowam edýär. Bir tarapdan musulman oraza ybadatyny berjaý edýän bolsa, beýleki tarapdan-da Yrakda, Siriýada, Palestinada we başga ýurtlarda pajygaly pursatlar başdan geçirilýär.
Hemmeler tarapyndan bilinýän meseleleriň sanawyny çykarsak birnäçe sahypa bolsa gerek. Şolaryň iň bir gynandyryjylary barada durup geçmek bilen çäklenmek hem ýeterlik. Sanawyň başynda musulman ýurtlarynyň arasynda Oraz aýynyň başlanýan we gutarýan güni baradaky düşnüşmezligi goýmak mümkin. Musulman ýurtlaryň hökümetleri onlarça ýyldan bäri Oraz aýynyň başlangyjyna esas bolup durýan aýyň görünmegi barasynda ylalaşyp bilmeýärler. Şu ýyl hem şol sebäpden Oraz aýy Türkiýede käbir ýurtlarda 28-nji iýunda başlan bolsa, beýlekilerinde 29-njy iýunda başlady. Aýyň görünmegi meselesi atlandyrylýan mesele 1970-nji ýyldan bäri çözülip bilinmedi.
Musulman ýurtlarynyň arasyndaky Oraza düşünişmezligi diňe şunuň bilen çäkli bolsady, beýle möhüm däl. Emma mesele has uly. Oraza atmosferasynda musulman ýurtlardaky adamlar biri-birini öldürmäge dowam edýärler. Hat-da käbirleri ony yslamyň özeninde bolmadyk şaýylyk-sünnilik ýaly diňe syýasy maksat ugruna edýärler. Hezreti Pygamber döwründe Oraz aýynda we mukaddes aýlarda ýaraglar dymarmyş, uruşlar bes edilermiş. Emma şu günki günde musulman ýurtlary şol däbe ünüsem berenoklar. Siriýada, Yrakda, Owganistanda musulmanlaryň gany dökülmäge dowam edýär.
Elbetde bu meseleleriň ýüze çykmagynyň halkara syýasy tarapy hem bar. Ýagny mesele diňe musulmanlaryň, musulman ýurtlarynyň we halklarynyň özüne bagly däl. Aňyrda duran dünýä ulgamy faktory bar. Elbetde ol möhüm faktor, emma şol faktorlar musulman ýurtlarynyň arasyndaky çaknyşyga sebäp bolmaly däl. Şol bir Pygambere we gurhana ynanýan adamlaryň, onda-da Oraz aýynyň tapylgysyz pursadyny ýerlikli peýdalanmaklary hökmany. Ähli syýasy dartgynlyklar bir gyra goýulmaly. Musulmanlaryň dogandygyny we aralaryndaky meseleleri parahatçylykly ýollardan çözüp biljekdikleri ýatladylmaly. Aslyna seredilende diniň esasy maksatlarynyň biri hem şol.
Orazanyň ruhunyň ynsanperwer, jemgyýetçilik we ýurt derejesindäki netijeleri akýan ganlar we başdan geçirilýän pajygalar sebäpli täsirini ýitirýär. Musulman ýurtlaryň arasyndaky çaknyşyklar, musulmanlaryň agyzaçaryna we seläligine kölege düşürýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar