Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 78

Türkiýe we Germaniýa hyzmatdaşlygy

118369
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 78


Premýer ministr R.T.Erdoganyň 24-nji maýda Germaniýa we 19-njy iýunda Wena guran saparyndaky panorama bir hakykaty ýüze çykardy. Ol hakykat şeýle: Hususan Germaniýada, umuman bütin Ýewropada jemgyýetiň esasy faktorlaryndan biri türkler. Şu günki günde türkleriň bolmadyk Germaniýasyny we Ýewropasyny göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly Türkiýesiz bir Ýewropa hem mümkin däl bolsa gerek. Germaniýa türkleriň köpçülikleýin ýaşaýan we güýçli bolan ýurtlarynyň başynda durýar. Resmi görkezijilere görä 3,5 milliona golaý türk raýatynyň Germaniýada ýaşaýandygy bilinýär. Şol ilat dünýädäki we hat-da Ýewropadaky käbir ýurtlaryň ilatlaryndan köp. Germaniýadaky türkler diňe bir ilat taýdan däl, şol bir wagtda-da ykdysady, sosial, ylmy, medeni we syýasy güýç. Şu günki günde Germaniýada türkleriň ýaşamaýan şäheri ýok diýen ýaly. Germaniýada we Ýewropada türkler ozallar diňe el güýji bolan bolsa, häzirki wagtda senagatçy, täjir, media hojaýyny, sungat işgäri, alym, türgen, syýasatçy we beýleki kärleriň tanymal wekilleri.

Germaniýa we türkler diýlende, çuňnur manylar aňladýar. Türkleriň Germaniýa gelmäge başlan 1960-njy ýyllaryndan biziň günlerimize çenli geçen döwür Germaniýa hem-de Türkiýe üçin uly netijeler getirdi. Türkiýe bilen Germaniýanyň 19-njy asyrda başlan gatnaşyklary 21-nji asyrda sosial jebislik bilen berçinleşdi. 19-njy asyrda döwletara gatnaşyklar 21-nji asyrda jemgyýetara jebislige tarap barýar. Germaniýada ýaşaýan 3,5 million türk raýaty bir tarapa, Germaniýada garyndaşy ýa-da dost-ýary bolmadyk türk bolmasa gerek. Germaniýa türkleriň ikinji watanydyr, diýilýän söz hakykata esaslanýar. Häzirki döwürde bolsa Germaniýada türkler sesleri bilen Türkiýäniň syýasatyny kesgitleýär, Türkiýedäki halk deputatlarynyň we prezident saýlawlarynda güýçli pozisiýa eýeleýärler.
Ýewropa türkler üçin diňe bir ykdysady gazanç ýeri däl, şol bir wagtda-da köp ugurda ylham çeşmesidir. Germaniýa gelen ilkinji türk raýatlary iş tapmak üçin gidipdi. Emma şu günki günde Germaniýadaky türkleriň Türkiýäniň ösüşine işjeň goşant goşýandygyny görýäris. Müňlerçe germaniýaly we ýewropaly türk Türkiýäniň başlangyç dinamikasyny emele getirýär. Türkiýedäki futbol komandalarynda, uniwersitetlerde, aýdym-saz pudagynda, senagatda, syýasastda, syýahatçylyk pudagynda, transportda iş alyp barýar. Elbetde türkiýeli nemes raýatlygyna eýe bolan köp sanly türküň hem Germaniýada nähili güýçli pozisiýa eýeleýändigi hem ünsden düşürilmeli däl. Germaniýada tas ähli pudaklarda türkleriň üstünlikli işleýändigini görmediksiräp bilmeris.
Elbetde türkleriň we Türkiýäniň Germaniýada hem-de Ýewropadan gazananlary diňe şol pudaklar däl. Belkem iň esasysy hem türk raýatlary hem-de ÝB-niň kriteriýalary arkaly demokratiýa, azatlyklar we başlangyç hukuklar ýaly gymmatlyklar. Türkiýäniň demokratiýasynyň raýatlaşmagynda ÝB-niň we Ýewropadaky türkleriň goşandy ünsden düşürilmeli däl. Türkiýedäki harby agdarlyşyklaryň ýa-da harby hökümetleriň basyşy astynda galan köp sanly türk raýaty Germaniýa we beýleki Ýewropa ýurtlaryna sygynypdy. Şolaryň arasynda 1980-nji ýyldaky harby hökümet agdarlyşygyndan soň başpena alan çepçi we Marksist sungat işgärleri hem-de syýasatçylar, 28-nji fewraldaky post-modern harby agdarlyşygyndan soň bolsa ýokary bilim üçin giden çadyraly gyzlar başda durýar.
Elbetde şertler üýtgeýär. 50 ýyllyk Türkiýe we Germaniýa hyzmatdaşlygy iki taraply bähbit getirýär. Ol elbetde buýsandyryjy ýagdaý. Emma onuň has gowy bolmagy üçin hiç hili päsgelçilik ýok. Türkleriň Germaniýada eýeleýän pozisiýasy has güýçli netijeler getirip bilerdi. Eger-de geçen döwürde iki tarap sebäpli ýüze çykan käbir kynçylyklar we bökdençlikler bolmadyk bolsady, taraplar üçin has ýokary we kanagatlandyryjy netijeler ýüze çykyp bilerdi.
Şol meseleleri we bökdençlikler ine şulardan ybarat: Germaniýadaky türkler Ýewropanyň ylym, bilim we ylmy barlag mümkinçiliklerinden has giňden peýdalanyp bilerdi. Türk ýaşlarynyň uniwersitetlerde eýeleýän orunlary has-da köp bolup bilerdi. Şeýlelikde bilim we dil mümkinçilikleri arkaly öz medeniýetlerini has giňden beýan etmäge mümkinçilik alardylar. Dil we sowat Germaniýadaky meselelere has ýerlikli çözgütleriň tapylmagyna goşant goşardy. Jemgyýetçilik guramalaryna, syýasata we karar kabul ediş organlaryndaky türkleriň sany has köp bolup bilerdi. Türkler ýaşaýan obalarynyň ýa-da şäherleriniň merkezlerinde orun alan bolsalar has güýçli pozisiýa eýe bolardylar. Meşhur söz bilen aýdylanda “Nemes jemgyýetine assimilirlenmän, şol bir wagtda-da gowy integrirlenip” hem özlerine we maşgala agzalaryna hem-de enewatan Türkiýä has uly goşant goşup bilerdiler.
Bu taýda nemes jemgyýetiniň we syýasatçylarynyň şu meselelerini we bökdençliklerini hem ünsden düşürmek bolmaz: Nemes jemgyýetiniň gündogarly we musulman halklar barasyndaky ýalňyş pikirleri, taryhdan gelýän milletparazlyk hat-da rasizm duýgulary, başga halklara gyýa göz bilen garamak, türkleri assmilirleme tagallalary, nemes syýasatçylarynyň ses alma aladasy bilen türkleriň duçar bolýan kynçylyklaryny görkmediksiremekleri we Germaniýanyň ykdysady hem-de ideologik meselelerden gözbaş alýan çykgynsyzlyklary.
İne şu meseleler çözülip bilnen halatynda geljekde iki tarap hem hökmany suratda eşretli durmuşda ýaşar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar