Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 76

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Ankara guran resmi sapary

93889
Türkiýäniň we dünýäniň gün tertibi 76

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani üstümizdäki aýyň 9-da Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherine guran resmi saparynyň dowamynda Prezident Abdulla Gül we Premýer ministr R.T.Erdogan bilen duşuşdy. Ruhaniniň Türkiýä guran ilkinji sapary birnäçe jähtden möhümdi. Ruhaniniň Prezidentlige saýlanandan soň beren pozitiw beýanatlary dünýäde we Türkiýede ünsleri çekipdi. Şol beýanatlaryň Eýranyň daşary syýasatyna we Türkiýe-Eýran gatnaşyklaryna nähili täsir ýetirjekdigi gyzyklydy. Runahiniň Ankara guran sapary şol soraglara az hem bolsa jogap berdi. Ruhaniniň, Gülüň we Erdoganyň metbugat ýygnaklarynda beren beýanatlary Eýranyň daşary syýasaty we Türkiýe-Eýran gatnaşyklary bilen bagly ýüzlenmeleri özünde jemledi. Şol ýüzlenmeler ine şulardan ybarat.
Türkiýe-Eýran gatnaşyklarynda şu üç ugur öňe saýlandy:
1. Ykdysady, söwda, energetika, transport gatnaşyklarynyň ösdürilmegi.
2. Eýranyň ýadro maksatnamasy bilen bagly meseleleriň çözülmegi.
3. Siriýanyň başda durmagynda sebitleýin meseleleriň çözülmegi.
Taraplaryň bu ugurlarda pozisiýalary oňyn we ýaramaz netijeleri ýüze çykarýar.
Türkiýe-Eýran ykdysady gatnaşyklarynyň esasy ugurlary tebigy gaz, nebit we senagat önümleriniň söwdasy. Häzirki wagtda 14,5 milliard dollara barabar bolan söwda mukdarynyň 2015-nji ýylda 20 milliard dollara we 2023-nji ýylda 30 milliard dollara ýetirilmegi meýilleşdirilýär. Şu günki günde Eýran Türkiýäniň söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda 8-nji ýeri eýeleýär. Türkiýäniň birinji 7-likdäki söwda hyzmatdaşlary Ýewropa ýurtlary, Russiýa we Hytaý bolsa, 8-nji we 9-njy orny Eýran bilen Yrak eýeleýär. Sebäpleri düşnükli bolan şol nobatyň üýtgemegi üçin ýagşy niýetler beýan edildi.
Türkiýäniň we Eýranyň özara söwda mukdaryny artdyrmaklary üçin potensiallary bar. Türkiýäniň Eýrandan alýan tebigy gazynyň we nebitiniň mukdaryny artdyrmagy, Eýranyň bolsa Türkiýede alýan senagat önümlerini artdyrmagy mümkin. Emma BMG-nyň embargosy sebäpli şol potensialyň peýdalanylmagy kynlaşýar. Türkiýe Eýran bilen söwda mukdaryny artdyrmak üçin Eýrana goýlan çäklendirmeleriň gowşadylmagyny isleýär. İki tarap hem Eýranyň tebigy gazynyň Türkiýäniň üstaşyr dünýä bazarlaryna ýetirilmegini meýilleşdirýär. Aslyna seredilende Ruhaniniň Türkiýä guran saparynyň maksatlaryndan biri hem şol ugurda ylalaşyk gazanmak.
Enegetika boýunça esasy meselelerden biri hem Eýranyň ýadro maksatnamasy. BMG-nyň P+5 ýurtlarynyň alyp barýan syýasaty Eýranyň ýadro maksatnamasyndan ýüz öwürtmegi göz öňünde tutýar. Türkiýe mesele boýunça berk pozisiýa eýe. Türkiýe Eýran bilen birlikde sebitdäki ýurtlaryň hiç haýsynda ýadro ýaragynyň bolmagyny islemeýär. Her bir ýurduň Halkara Atom energiýasy gullugynyň çäginde parahatçylykly maksatlar üçin ýadro energiýasyny öndürme hukugyna eýedigini kabul edýär. Bu syýasat Ruhani tarapyndan hem ykrar edilýär. Türkiýe uzak ýyllardan bäri eýeleýän şol pozisiýasyny 2009-2010-njy ýyllarda durmuşa geçirmek üçin synanşypdy. Şol çäkde meşhur 2010 Çalşyk ylalaşygyna gol çekişilmegini ýola goýupdy we şeýlelikde meseläniň çözülmegi ugrunda öňegidişlik gazanylypdy. Emma Türkiýäniň şol tagallalary we ylalaşyk 2010-njy ýyldan soň ýüze çykan wakalar sebäpli durmuşa geçirilip bilinmedi.
Oňaýsyz wakalaryň başynda NATO-nyň roketalarynyň Türkiýede ornaşdyrylmagy durýar. Ondan soň “Arap bahary” we Siriýa meselesindäki tapawutly syýasatlar gelýär.
Eýsem iki ýurt haýsy ugurlarda hyzmatdaşlyk edip biler, meseleleri nähili çözüp biler? Bu soraglara ilkinji däp bolan jogap, iki ýurduň arasyndaky diplomatik, syýasy, ykdysady gepleşikleriň depginini güýçlendirmek we ylalaşyklara gol çekmek bolar. Emma onuň ýeterlik däldigi kabul edilmeli. Onlarça ýyldan bäri dowam edýän etaba ser salynanda şol klassiki usullaryň yzgiderli we täsirli netijeler getirmeýändigi görülýär. Geçen ýyllarda geçirilen köp sanly gepleşiklere we gol çekilen ylalaşyklara garamazdan iki ýurduň arasynda käte düşnüşmezlikler başdan geçirilýär.
Onuň ýerine ýa-da oňa goşmaça Türkiýe-Eýran meselelerini çözmek üçin has konstruktiw we çuňňur usullar tapylyp bilner. Şol çäkde ÝB modeli iňňän ýerlikli teklipdir. ÝB modeli Germaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky taryhy dartgynlygy nähili ortadan aýyran bolsa, ol Türkiýe, Eýran we beýleki sebit ýurtlarynyň arasynda-da netijeli bolup biler. Prezident Gülüň metbugat ýygnagynda Ruhana hödürlän “Germaniýa we Fransiýa ýaly bolup bileris” diýlen teklibi, ine şol jähtden möhüm. Eýran, Türkiýe we beýleki sebit ýurtlarynyň Gülüň şol teklibine ünsli çemeleşmeklerini tama edýäris. Şol modeliň durmuşa geçirilmeginde käbir kynçylyklar bar hem bolsa, eger erjellik edilen halatynda hötdesinden gelmek üçin hiç hili sebäp ýok. Sebäbi Germaniýanyň we Fransiýanyň ikinji jahan urşundan soň ÝB-ni döredendikleri ýatdan çykarylmaly däl.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar