Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

2142574
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Erdogan: Halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärçiligi äşgärdir" söz başyly habarynda, Türkiyäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Rumyniýanyň premýer ministri Çolaku bilen geçiren metbugat ýygnagynda: "Ysraýylyň wagşyçylygynyň öňüni almak we palestinaly doganlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmekde halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärçiligi äşgärdir. Emma şoňa garamazdan gyrgynçylygyň öňüni almak üçin ädimler entegem edilenok. Netanýahu we päli bozuk hökümet, öz raýatlarynyň howpsuzlygyna wehim salmagyň hasabyna genosid syýasatlaryny dowam etdirýärler. Muňa indi dur diýmek zerur" diýendigini habar berýär.

Sabah gazedi: "Selçuk Baýraktar: Dünýä nusga bolan operasiýa" söz başyly habarynda, Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň we ýanyndaky adamlaryň sezewar galan dikuçar heläkçiliginde dikuçaryň galyndylarynyň ýerini anyklan "Akynjy" uçarmansyz howa ulagynyň dünýäniň gün tertibine girmek bilen birlikde, Baýkar dolanşyk geňeşiniň başlygy we Tehnolgiýa lideri Selçuk Baýraktaryň Türkiyäniň hem medeniýet gymmatlyklary hem-de tehnologik ösüş taýdan dünýä nusga bolandygyny mälim edýär. 

Hürriýet gazedi: "Türkiye syýahatçylyk indeksinde 8 basgançak ýokary galdy" söz başyly habarynda, Bütindünýä Ykdysadyýet forumynyň 2023-nji ýylyň syýahat we syýahatçylyk ösüş indeksinde Türkiyäniň 8 basgançak galyp 119 ýurduň arasynda 29-njy oruna mynasyp bolandygyny aýan edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Stambul howa menzili ýaňadandan ösüşde" söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň 6-12-nji maý aralygynda gündelik ortaça 1430 uçar sapary bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili hökmünde hasaba alynandygyny beýan edýär.

Haber Türk gazedi: "Gezerawjy: Aýa gitmegi meýilleşdirýäris" söz başyly habarynda, Türkiyäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjynyň: "Diňe birnäçe aýyň içinde öz ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen özgerdiljek bir raketa we şol raketany älem giňişligine alyp gitjek ulgam bilen Aýa gitmegi meýilleşdirýäris" diýendigini habar berýär. 


Etiketkalar: #habar , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar