Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

2152796
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Türkiýe özüne çekiş merkezi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançez bilen Madritde duşuşandygyny ýazýar. Erdogan Ispaniýa bilen gowy gatnaşyklary hasam ösdürmek isleýändiklerini beýan etdi. Prezident Erdogan: “Ispaniýaly maýadarlaryň özüne çekiş merkezi bolan Türkiýede has köp maýa goýmaga çagyrýarys” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Hücümleriň bes edilmegi hakyndaky karar kagyz ýüzünde galmasyn” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Gazadaky ýagdaý bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny, adalatly we durnukly parahatçylygy ýola goýcak maksatnama oňyn çemeleşcekdiklerini nygtandygyna ünsleri çekýär. Erdogan: “Esasy zat hücümleriň bes edilmegi hakynda kararyň kagyz ýüzünde galmazlygy. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary Ysraýyla gysyş etmeli” diýdi.

“Sabah” gazeti “Pedro Sançeziň Türkiýe hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançeziň İspaniýanyň we Türkiýäniň ähli ugurlarda acaýyp gatnaşyklarynyň bardygyny aýdandygyny ýazýar. Sançez: “Türkiýe İspaniýa üçin esasy ykdysady hyzmatdaş we sebitinde esasy güýç” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýeden Ispaniýa dronlar üçin razylyk” söz başyly habarynda, ýerli we milli goranyş senagatynda halkara derecesinde bäsleşýän Türkiýäniň, dünýäniň ilkinci ýaragly howa ulagy gämisi “TCG Anadolydan” soň Ispaniýa bilen uçarmansyz howa ulaglary boýunça hem hyzmatdaşlyk etcekdigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “F-16 üçin gollar goýuldy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrligine degişli çeşmeleriň ABŞ-dan alyncak F-16 uçarlary boýunça şertnamanyň baglaşylandygyny mälim edendigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Resmileriň “Şertnamalar baglaşyldy, detallaryň üstünde wekiliýetler işleýär”  diýip, beýanat berendigine ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “Merkezi bankyň ätiýaçlarynda taryhy rekord” söz başyly habarynda, Merkezi bankyň ätiýaçlarynyň geçen hepde ýene-de 2,5 milliard dollar artandygyny ýazýar. Bankyň walýuta ätiýacy 146,1 milliard dollara barabar bolup, taryhy rekorda ýetdi.



Degişli Habarlar