Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2083974
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan Eýrana duýgudaşlyk bildirdi” söz başylşy habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Eýranyň Kirman welaýatynda guralan pajygaly terror hüjümlerine çuňňur gynanç bildirýändigini beýan edendigini ýazýar. Erdogan: “Dost we doganlyk Eýranyň halkyna teselli beriji dileglerimi ýetirýärin” diýdi.

“Star” gazeti “Erdogan Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň düýn Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim edýär. Telefon söhbetdeşliginde Raisiniň Türkiýä saparynyň yza süýşürilmegi hakynda karara gelindi.

“Sabah” gazeti “Fidan Ysraýyla Liwan meselesinde duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň käbir ysraýyllylaryň söweşi Liwana tutaşdyrmak isleýändiklerine ünsi çekip, duýryş berendigini ýazýar. Fidan “Bu ýol, soňky bolmadyk ýol. Eger şeýle bolaýsa, bu söweş elbetde gutarmaz. Tersine mesele çözülmek islenýän bolsa, parahatçylyga we iki döwletli çözgüde gönükmek gerek” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Gyzylaýyň ikinji kömek gämisi Gaza bardy” söz başyly habarynda, Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň ugradan 2-nji kömek gämisindäki enjamlaryň Gaza barandygyny mälim edýär. Gämidäki 107 tonnalyk ynsanperwer kömegini 147 konteýnere ýüklän jemgyýet; çadyr, düşek, azyk, gigiýena önümleri ýaly durmuş ähmiýetli önümleri alyp baran 66 konteýneri Gaza ýetirdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk kärendeçileriniň uly üstünligi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň daşary ýurtlardaky kärendeçilik pudagynyň 2023-nji ýyly 27,4 milliard dollarlyk gymmaty bolan taslama bilen ýapandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär. 135 ýurtda alynan taslamalaryň jemi gymmaty 501,9 milliard dollara barabar boldy. İspaniýada Barselona sport klubunyň stadiony abatlaýyş taslamasy daşary ýurtlarda alynan nusgawy taslamalardan biri boldy.



Degişli Habarlar